logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Sport /Küşt ussatlary bäsleşerler
  22.10.2026
17
Küşt ussatlary bäsleşerler

22-nji oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy geçiriler. Ýaryşyň esasy duşuşyklary Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçiriler. Onda tejribeli grossmeýsterler, geljegi uly ýaş türgenler we sport weteranlary özara güýç synanyşarlar.

 

Küşt söýüjileri üçin gyzykly bäsleşige gatnaşyjylar öz ussatlyklaryny oýnuň üç görnüşinde — nusgawy küştde, çalt (rapid) we juda çalt (blis) görnüşlerinde görkezerler. Ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 10 000 manada deňdir.

 

Bäsleşigiň «A» kategoriýasynda ilkinji üç orny eýelän türgenlere degişlilikde 3000, 2000 we 1000 manat möçberinde pul baýraklary gowşurylar. «B» kategoriýasynda bolsa birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp bolan küştçülere degişlilikde 500, 300 we 200 manat möçberinde baýrak berler.

 

Esasy baýraklardan başga-da, ýaryşyň düzgünnamasynda zenan küştçüler, sport weteranlary we dürli ýaş toparlaryna degişli ýaş küştçüler üçin ýörite pul baýraklary hem göz öňünde tutulýar.

 

Öňde boljak bäsleşik diňe bir baýraklar we medallar ugrunda geçiriljek ýaryş bolmak bilen çäklenmän, küştçüleriň geljekki sport mümkinçilikleri üçin hem möhüm ähmiýete eýe bolar. Öz kategoriýalarynda ýeňiş gazanan we ýokary netijeleri görkezen türgenler 2027-nji ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Ýokary ligasynda çykyş etmäge hukuk gazanarlar.

 

Mundan başga-da, çalt (rapid) we juda çalt (blis) görnüşlerinde iň ýokary netijeleri görkezen küştçüler halkara ýaryşlarynda Türkmenistanyň adyndan çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

 

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy küşt ussatlarynyň başarnygyny görkezmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň küşt sportunda täze zehinleriň ýüze çykmagyna we güýçli türgenleriň halkara derejesinde çykyş etmegine ýol açjak möhüm bäsleşikleriň biri bolar.

 

Selbi BATYROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.