Dünýä döwletleriniň özara gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösdürilmegi, halkara parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagy, halklaryň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi halkara hukugynyň esasy maksatlarynyň biridir. Häzirki döwürde halkara gatnaşyklarynyň barha giňemegi, döwletleriň arasynda ykdysady, syýasy we medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi halkara hukugynyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Ol döwletleriň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän, olaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýän möhüm kadalaryň we ýörelgeleriň ulgamydyr.
Halkara hukugynyň häzirki zaman ulgamynyň kemala gelmeginde Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegi möhüm taryhy waka boldy. BMG-niň Tertipnamasy halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny goramagyň, döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň hem-de halkara meselelerini parahatçylykly ýollar arkaly çözmegiň esasy hukuk binýadyny emele getirdi. Tertipnamada döwletleriň deňhukuklylygy, güýç ulanmazlyk, halkara meselelerini parahatçylykly çözmek ýaly möhüm ýörelgeler öz beýanyny tapdy.
Halkara hukugy döwletleriň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmaga, ýüze çykýan düşünişmezlikleri gepleşikler arkaly çözmäge we umumy bähbitleriň goralmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Ol diňe bir döwletleriň hukuklaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem, halkara hyzmatdaşlygynyň durnukly ösüşine, adam hukuklarynyň goralmagyna we dünýäde adalatly gatnaşyklaryň kemala gelmegine hem hyzmat edýär. Şu nukdaýnazardan, halkara hukugynyň kadalaryna hormat goýmak parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şertidir.
Türkmenistanyň daşary syýasaty halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyz döwletleriň özygtyýarlylygyna hormat goýmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydyr. Şunuň bilen baglylykda, eziz Diýarymyz umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen oňyn başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Bu başlangyçlar bolsa dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Munuň şeýledigini BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem doly aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Sözümizi jemläp aýdanymyzda, halkara hukugy döwletleriň arasynda ynanyşmagyň, parahatçylygyň we adalatlylygyň mizemez binýadydyr. Diňe halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine eýermek arkaly dünýäde dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak, halklaryň abadan durmuşyny üpjün etmek we geljek nesiller üçin parahatçylykly dünýäni döretmek mümkindir.
Tumar GURBANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.