logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Interesting /Afrika tokaýlarynyň täsin jandary — bongo
  11.06.2025
10519
Afrika tokaýlarynyň täsin jandary — bongo

Afrikanyň tebigaty dünýäde seýrek duş gelýän jandarlary bilen tapawutlanýar. Şolaryň biri hem — bongo atly antelopadyr. Ol diňe tropik tokaýlarda ýaşaýar we daşky görnüşi bilen ünsi özüne çekýär.


Bongony ilkinji bolup 1837-nji ýylda irlandiýaly alym William Ogilby ylmy taýdan öwrenipdir. Onuň ylmy ady Tragelaphus eurycerus bolup, “tokaý antelopasy” diýlip hem tanalýar. Bongonyň bedeni goňrumtyl gyzyl, göwresiniň iki gapdalyndan ak çyzyklar geçýär, döşünde bolsa ak tegmil bar.


Bu jandar iki topara bölünýär: Günbatar bongosy giň tokaýlarda, Gündogar bongosy bolsa diňe Keniýanyň Aberder daglarynda duşýar. Gündogar bongolar ulurak bolup, olaryň boýy 3 metre, agramy bolsa 400 kilograma çenli ýetýär.


Bongolar süri bolup ýaşaýarlar, esasy iýmiti bolsa ýaş ýapraklar, güller we däneli ösümliklerdir. Uzyn dili bilen agaçlaryň şahalaryndan ýapraklary çekip iýýärler.


Emma bongolaryň sany ýylsaýyn azalýar. Esasy howpy — ýabany afrika itleri. Häzirki wagtda olaryň sany 28 müňden geçmeýär. Şonuň üçin bongo halkara tebigaty goramak birleşigi (IUCN) tarapyndan ýitmek howpy abanýan jandarlaryň sanawyna girizildi.


Bongo — tokaýlaryň gymmatly baýlygy. Onuň goralmagy tebigatyň durnuklylygyny saklamak üçin örän möhümdir.

Oguljan AMANGULIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.