logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly ✦ ✦ Halkara hukugy — parahatçylygyň röwşen ýoly ✦ ✦ Möhüm ähmiýetli duşuşyklar ✦ ✦ Türkmen halkynyň milli nagyşlary ✦ ✦ «Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» ✦ ✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦
Baş sahypa / Syýasat /Möhüm ähmiýetli duşuşyklar
  24.11.2026
21
Möhüm ähmiýetli duşuşyklar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy ugry GDA-nyň giňişliginde parahatçylygy, ynanyşmagy we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir. 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna üstünlikli başlyklyk etmeginiň çäklerinde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň, Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň hem-de Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

 

Türkmenistan bu jogapkärli wezipäni üstünlikli amala aşyrmak bilen Hazaryň türkmen kenaryny Arkalaşygyň möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäreleriň merkezine öwürdi. Bu ýerde GDA-nyň Syýasy meseleler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komissiýasynyň, Hukuk meseleleri boýunça komissiýasynyň mejlisleri hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň altmyş birinji Plenar mejlisi geçirildi.

 

Şeýlelikde, Hazaryň kenarynda geçirilen GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň altmyş birinji Plenar mejlisi hem-de hemişelik komissiýalaryň iş maslahatlary Arkalaşygyň geljekki ösüşi, sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegi üçin uly taryhy hem-de syýasy ähmiýete eýe bolan waka öwrüldi. Parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi halklaryň arasyndaky dostluk köprülerini berkitmäge we umumy abadançylygyň üpjün edilmegine mynasyp goşant bolar.

 

Aýlar ANNAREJEPOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby.