Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦ ✦ Türkmenistanda maldarçylygyň ekologiýa taýdan durnuklylygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ «Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» atly iňlis dili bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen talyplary nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadada üstünlik gazandylar ✦ ✦ Arkadag şäherinde Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi ✦ ✦ Hytaý we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦
Baş sahypa / Saglyk /Derde derman atgulak
  15.02.2023
20544
Derde derman atgulak

Howasy tenekar, suwy melhem türkmen topragy dermanlyk ösümliklere baýdyr. Şol ösümlikleriň biri hem atgulakdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli neşiriniň XI tomunda atgulak barada gyzykly maglumatlary beýan edýär.

Atgulak ir döwürlerden bäri Gadymy Hytaýda, Rimde we Gresiýada melhem hökmünde giňden ulanylypdyr. Gündogaryň lukmanlary hem bu otuň täsin aýratynlyklary barada öz işlerinde ýazypdyrlar. Uzak demirgazyk ýurtlaryndan başga ähli ýerde bitýän atgulagyň dünýä ýüzünde ýüzlerçe görnüşi bar. Atgulagyň latynça ady «nal» we «hereket» sözlerinden emele gelip, ony aýak yzyna meňzedipdirler. Amerikan indeýleri bu oty «Ak adamyň aýak yzy» diýip atlandyrypdyrlar.

Halk lukmançylygynda atgulagyň porrugynyň tozy gakylyk goparyjy serişde hökmünde peýdalanylýar. Onuň ýapraklarynyň we miweleriniň petini ýumşak çişlerde, dömme düwürtiklerde, ownuk düwürtiklerde, iriňli ýaralarda peýdalanylýar. Bulardan başga-da ol gan akmasyny togtadýar. Onuň porrugyndan taýýarlanan melhem böwrekdäki emele gelen daşy aýyrmakda, şeýle hem bakteriýalar sebäpli dem alyş ýollarynda ýüze çykýan keselleri bejermekde ulanylýar.

Atgulagyň ter ýapraklarynyň şiresi göz perdesiniň ýaralarynyň hem emidir. Şeýle-de atgulagyň şiresi suwa garylyp ulanylsa, kesel dörediji stafilokoklaryň köpelmeginiň, iriňiň döremeginiň öňüni alýar. Atgulagyň ýapragyndan taýýarlanan melhemiň rahatlandyryjy, ukladyjy häsiýetleri bardyr. Onuň ýapragyndan demlenen çaýlar dem alyş ýollarynyň nemli gatlagynyň tirpildeýän kirpijikleriniň işjeňligini artdyryp, bronhial nemleriň işlenip çykarylmagyny güýçlendirýär. Bu bolsa öz gezeginde gakylygyň ýumşap, üsgürilende bronhlardan daşa çykmagyna ýardam berýär. Atgulak ýapraklarynyň gan basyşyny peseltmek häsiýeti hem bardyr. Sebäbi ondan taýýarlanan melhemler gan damarlaryny giňeldýär, gan basyşyny peseldýär we baş aýlanmasyndan gutulmaga ýardam berýär.

Bu günki gün ýurdumyzdaky dermanhanalaryň ählisinde ýörite gaplara gaplanan käkilik oty, narpyz, çopantelpek, atgulak, itburun, buýan ýaly ösümliklerden taýýarlanan dermanlyk serişdeler bar. Munuň özi gözel tebigatymyzdaky ösümlikleriň ählisiniň dertlere dermandygyny görkezýär. 

 

Baýrambibi AGÖÝLIÝEWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.