Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly sergi-ýarmarka guraldy. Oňa myhman hökmünde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary we talyplary, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri, ýurdumyzda işleýän daşary ýurt ilçihanalarynyň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň esasy maksady ynsanperwerlik we mätäje goldaw bermek ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna ýaşlaryň öz goşantlaryny goşmaklaryna gönükdirildi. Sergi-ýarmarkanyň çäginde ýurdumyzyň her bir ýokary okuw mekdebi öz ugruna laýyklykda sergi ýaýbaňlandyrdy. Onda naz-nygmatlar, milli bezegler, alajalar, şaý-sepler we naşyja sowgatlyklar ýerleşdirilip, myhmanlara hödürlendi.
Sergi-ýarmarkanyň dowamynda toplanan maddy serişdeler Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna ugradyldy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz Watanymyzda bagtyýar nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegini üpjün etmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, bu babatda toplumlaýyn işler yzygiderli alnyp barylýar. Berkarar döwletimizde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle ynsanperwer başlangyçlar halkymyzyň geçmiş taryhyndan, ata-babalarymyzyň asylly däplerinden gözbaş alýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Bu işde saglygy goraýyş ulgamyna hem aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň çagalaryň saglygyny goramak bilen bir hatarda, halkara gatnaşyklary berkitmek ugrunda alyp barýan işlerini hem aýratyn bellemek gerek.
Laçyn TEKEDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby.