logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /"Kyýamat myhmanhanasynyň" gurluşygy 37 ýyl bäri dowam edýär!
  07.03.2024
671
"Kyýamat myhmanhanasynyň" gurluşygy 37 ýyl bäri dowam edýär!

1980-nji ýylda Demirgazyk Koreýanyň paýtagty Phenýanda uly çykdajy bilen gurlup başlan we 37 ýyl bäri açylmadyk “Ryughong” myhmanhanasy, tamamlanylmadyk gurluşygy sebäpli “Kyýamat myhmanhanasy” diýlip atlandyrylýar.

 

 

Myhmanhananyň düýbi 1987-nji ýylda tutuldy we iki ýyldan soň ýagny Bütindünýä ýaşlar we talyplar festiwalyna gabat gelýän 1989-njy ýylda açylmagy meýilleşdirilýärdi. Ryughong myhmanhanasy şol döwürde dünýädäki iň beýik myhmanhana diýen ada eýe bolup, rekord goýmalydy. Emma bu pikir başa barmady.

 

 

Piramida görnüşindäki 3 müň otagly 105 gatly ullakan bina, müň metrden hem gowrak beýikligi bilen Phenýanyň merkezinde öz ornuny aldy. Myhmanhana takmynan 757 million dollar çykdaýjy edildi. Bina 1992-nji ýylda meýilleşdirilen beýiklige ýetdi, emma Demirgazyk Koreýanyň ykdysady krizisi bilen gurluşyk togtadyldy. Ýerli ilat gurluşygy birnäçe ýyllap dowam eden we hiç hili ulanyşa açylmadyk bina "Kyýamat myhmanhanasy" diýip at berdi.

 

 

Häzirki wagtda üstünden 37 ýyl geçse-de, myhmanhana henizem açylmady. Myhmanhananyň doly tamamlanmagy üçin ýene 2 milliard dollar gerek diýlip çaklanylýar.

 

Tumar GURBANMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.