Türkmenistanyň Gazagystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejepow 2026-njy ýylyň 10-njy iýulynda Gazagystan Respublikasynyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti Rustam Baýalyýew bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda atçylyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary, milli atçylyk däplerini gorap saklamak hem-de wagyz etmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bilelikde geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere we özara tejribe alyşmaga aýratyn üns berildi.
Gepleşikleriň dowamynda ilçi B.Rejepow Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti Rustam Baýalyýewe 2026-njy ýylyň 4 ― 6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik boýunça dünýä çempionatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin resmi çakylyk hatyny gowşurdy.
Taraplar dünýäde deňi-taýy bolmadyk aýratynlyklary, çydamlylygy we gözelligi bilen giňden tanalýan ahalteke bedewleriniň milli mirasyň möhüm bölegi bolup durýandygyny bellediler. Şeýle hem atçylyk sportunyň Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigi bellendi.
Duşuşyk özara düşünişmek we dostlukly ýagdaýda geçip, geljekde bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigi aýratyn nygtaldy.
Sare ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.