logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Politics /Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy
  14.07.2026
12
Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy

Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa gyzyklanmalaryň barha artýandygy äşgär hakykat. Muny biz sebit döwletleri bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga, bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden bilelikde peýdalanmaga, Aziýanyň ýüreginden Zeminiň çar künjegine ulag, energetika köprülerini çekmäge aýratyn ähmiýet berýän ýurtlaryň hatarynyň yzygiderli köpelýändiginiň mysalynda aýdyň görýäris.

 

Garaşsyz ösüş ýoluny saýlap alan Merkezi Aziýa döwletleri geçen taryhy döwürde ösüşiň durnukly görkezijilerini gazanyp, giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrýarlar. Halklarymyzyň jebisligi, agzybirligi netijesinde çäk bitewüligi üpjün edilip, özbaşdaklygyň, Garaşsyzlygyň binýatlaýyn esaslary pugtalandyryldy. Bu günki gün Merkezi Aziýa «bäşligi» halkara gatnaşyklarda-da eýeleýän ornunyny berkidip, öz sözi, öz ýüzi bilen dünýä çykýar, ýakyn-u-alysdaky ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy barha ilerledýär.

 

Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa «bäşligi» esasy hyzmatdaşlary — Hytaý Halk Respublikasy, Hindistan Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Koreýa Respublikasy, Ýaponiýa bilen «Merkezi Aziýa + ...» formatynda hyzmatdaşlyk etmegiň özboluşly guralyny kemala getirdi. Şeýle duşuşyklar Ýewropa Bileleşigi, Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi bilen hem alnyp barlyp, olar özara gatnaşyklaryň aýry-aýry, has möhüm meseleleri boýunça içgin pikir alyşmaga mümkinçilik berýär. Diňe soňky iki ýylda Astanada, Sianda, Jiddada, Çolpon-Atada, Nýu-Ýorkda, Berlinde ýokary derejeli altytaraplaýyn gepleşikleriň geçirilendigini nygtamak gerek. «Merkezi Aziýa + ...» dialogyna bildirilýän bu gyzyklanmalar sebitiň dünýä syýasatyndaky agramynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

 

Aslynda, «Merkezi Aziýa + ...» dialogyny döretmek başlangyjynyň başyny başlan hem Ýaponiýadyr. Ol 20 ýyl mundan ozal — 2004-nji ýylyň awgustynda «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» formatynda hereket edip başlap, altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde we sebitiň gülläp ösüşine goşant goşmakda möhüm ädime öwrüldi. Şunda syýasy dialog, sebitara hyzmatdaşlyk, işewürligi ilerletmek, intellektual dialog, ynsanperwer alyşmalar özara gatnaşyklaryň bäş esasy sütüni hökmünde kesgitlenildi. Geçen iki onýyllygyň dowamynda daşary işler ministrleriniň, ýokary wezipeli wekilleriň, işewürlik we ylmy toparlaryň derejesinde duşuşyklaryň ençemesi geçirilip, terrorçylyga garşy göreşmekden başlap, saglygy goraýyş ulgamyna çenli köp sanly bilelikdäki taslamalardyr maksatnamalar durmuşa geçirildi.

 

Aýjennet ROZYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.