logo

Latest news:
✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦ ✦ «Sanly geljek-2026» atly bäsleşigiň netijeleri yglan edildi! ✦ ✦ «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly elektron görnüşdäki ylmy žurnal dörediler ✦ ✦ Paýtagtymyzda «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal geçiriler ✦ ✦ Köpöwüşginli medeni forum üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary ösüş ýolunda ✦ ✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦
Home / Science and Education /Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary
  01.07.2026
23
Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary

Ýakynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Merkezi Aziýa — Koreýa» formatyndaky birinji sammitiň ähmiýetini koreý halkynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz etmek hem-de türkmen-koreý gatnaşyklary barada ýörite maglumatlary taýýarlamak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň «Yonhap» habarlar agentliginiň habarçysy Song Doheniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen tanyşlyk duşuşygy geçirildi.

 

Onuň dowamynda myhmanlar ýurdumyzyň bilim ulgamyna degişli edaralaryna, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýine, «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubuna baryp, ol ýerdäki eksponatlar bilen ýakyndan tanyşdylar we ýokary baha berdiler.

 

Şeýle-de tanyşlyk saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň zerurdygy bellenildi. Hususan-da, ýaş hünärmenleriň tejribe alyşmagyny mundan beýläk-de ilerletmek, bilim babatyndaky gatnaşyklary ýokary derejä çykarmak geljegi uly bolan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

 

Soňky ýyllarda Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistan özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýär. Dürli ugurlary öz içine alýan hyzmatdaşlygyň hatarynda elektronika we kompýuter tehnologiýalary babatdaky işleri mysal getirmek bolar. Galyberse-de, türkmen talyplarynyň Koreýadaky abraýly ýokary okuw mekdeplerde bilim almaklary, akademiki alyşmalaryň işjeň häsiýetde bolmagyny şertlendirýär.