Sport bu adamyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär, ynsanyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyna uly goşant goşýar. Sport bilen meşgullanmak diňe bir bedeni berkitmek bilen çäklenmän, adamyň erkini, sabyrlylygyny, maksada okgunlylygyny we özüne bolan ynamyny hem ösdürýär. Şonuň üçin sporta diňe bir wagt geçirmek üçin edilýän hereket hökmünde däl-de, sagdyn we bagtly durmuşyň möhüm bölegi hökmünde garamak gerek.
Adam üçin iň uly baýlyklaryň biri saglykdyr. Baýlygyň, üstünligiň we beýleki mümkinçilikleriň gadryny bilmek üçin ilki bilen sagdyn bolmak zerurdyr. Sagdyn beden adama okamakda, işlemekde, döredijilik bilen meşgullanmakda we durmuşdaky maksatlaryna ýetmekde uly güýç berýär. Sport bolsa saglygy berkitmegiň iň netijeli ýollarynyň biridir.
Sport bilen yzygiderli meşgullanýan adamyň bedeni berkeýär, çydamlylygy artýar we dürli kynçylyklara garşy durmak ukyby ýokarlanýar. Irden maşk etmek, ylgamak, welosiped sürmek, ýüzmek, futbol, woleýbol, basketbol ýaly sport görnüşleri bilen meşgullanmak adamyň bedenine oňyn täsir edýär. Esasy zat, sportuň haýsy görnüşiniň saýlanandygyna garamazdan, ony yzygiderli we dogry ýerine ýetirmekdir.
Sportuň peýdasy diňe beden bilen çäklenmeýär. Ol adamyň ruhy ýagdaýyna hem oňyn täsir edýär. Fiziki hereket adamda şähdaçyklygy artdyrýar, ýadawlygy azaltmaga we gündelik aladalardan biraz daşlaşmaga kömek edýär. Sport bilen meşgullanýan adam köplenç özüni has ýeňil, işjeň we ynamly duýýar. Şonuň üçin sport ruhubelentligiň hem çeşmesidir.
Islendik üstünlik öz-özünden gazanylmaýar. Türgen her gün türgenleşmeli, özüni kämilleşdirmeli we öňünde goýan maksadyna ýetmek üçin yhlas etmeli bolýar. Käwagt türgenleşik kyn bolýar, käbir netijeler garaşylanyndan has giç gazanylýar. Şeýle ýagdaýlarda adam sabyr etmegi we kynçylyklardan gorkmazlygy öwrenýär. Bu häsiýetler diňe sportda däl, eýsem, durmuşda hem örän zerurdyr.
Sportuň iň möhüm aýratynlyklarynyň biri hem adama ýeňiş bilen ýeňlişi dogry kabul etmegi öwretmegidir. Ýaryşda diňe birinji orny eýelemek hemişe mümkin däldir. Käbir gezek ýeňiş gazanylýar, käbir gezek bolsa asgyn gelinýär. Ýöne hakyky türgen ýeňlişden ruhdan düşmän, öz kemçiliklerini seljerip, indiki gezek has gowy netije gazanmaga çalyşýar. Şeýle garaýyş adamy durmuşyň beýleki kynçylyklaryna-da has berk taýýarlap bilýär.
Jeren BEŞIMOWA,
Farap etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň
bedenterbiýe mugallymy.