Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Magtymgulynyň eserleri dünýä dillerinde
  25.09.2023
1124
Magtymgulynyň eserleri dünýä dillerinde

Türkmen halkynyň beýik şahsyýetleriniň biri Magtymguly Pyragydyr.Onuň eserleri dil­den-di­le ge­çip, hal­kyň aňynda öçmejek yz bolup galdy. Akyldar şahyr ata Wa­ta­ny söý­mek, adamyň mer­te­be­si­ni be­len­de gö­ter­mek, özüňden ula sylag, özüňden ki­çä hor­mat goý­mak ýa­ly öwüt-nesihatlary we eserleri, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň, diňe bir biziň ýurdumyzda däl dünýäniň köp ýurtlarynyň kal­byn­da müdimilik orun al­ýar. Akyldaryň paý­has um­ma­ny­nyň baý ede­bi mi­ra­sy­nyň ag­ram­ly bö­le­gi­ni wa­tan­sö­ýü­ji­lik, yn­san­per­wer­lik, ter­bi­ýe­çi­lik öwüt-ün­dew­li goş­gu­lar tut­ýar.

 

 

Magtymguly Pyragy jahankeşde şahyr bolupdyr. Ol köp ýurtlara syýahat edipdir. XVIII-nji asyrda Etrek, Ahal, Mary sebilerinde güýçli medreseler bolmandyr. Şol sebäpli hem akyldar şahyrymyzy onuň kakasy Döwletmämmet Azady öz oglyny birnäçe ýurtlara bilim almaga gaýry ýurtlara iberýär. Ilki bilen Halajyň Gyzylaýak obasynda ýerlesýän, şol wagtlar güýçli hasap edilen Idris babanyň medresesinde okuwa iberýär, bu medresede esli wagt okaýar. Soňra ol häzirki Özbegistanyň Buhara şährine gidýär, Buharadaky Gögeldaş  medresesine okuwa gidýär we iki ýyl şol ýerde okaýar. Bilim almaga teşne bolup gelen şahyr şol medresede okatýan şiriralyly türkmen Nury Kazym ibn Bahr bilen hem tanyşýar we onuň bilen dostlaşýar. Ol soňra  Hywadaky «Şirgazy» medresesinde üç ýyl okaýar.

 

 

Ol döw­let gur­lu­şy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri iç­gin öw­ren­mek, alys­da­ky döw­let­ler bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak üçin Ow­ga­nys­ta­na, Azer­baý­ja­na, Si­ri­ýa, Hin­dis­ta­na we beý­le­ki ýurt­la­ra sy­ýa­hat edip­dir.

 

 

Magtymguly Pyragynyň ede­bi mi­ra­sy öz ýagty nu­ru­ny di­ňe bir türk­men hal­ky­nyň kal­by­na çaý­man, eýsem ol dünýäniň ähli mil­let­le­ri­ni dost­laş­dyr­ýar, do­gan­laş­dyr­ýar, halk­la­ry bi­ri-bi­ri­ne ýa­kyn­laş­dyr­ýar. Dana şa­hy­ryň eserleri ýig­ri­mi­den gow­rak dil­le­re ter­ji­me edi­lip, dün­ýä halk­la­ry ta­ra­pyn­dan okal­ýar. Tür­ki­ýe­de, Uk­rai­na­da, Öz­be­gis­tan­da, Rus­si­ýa­da şa­hy­ryň hor­ma­ty­na onuň heý­kel­le­ri di­kil­di, şa­hy­ryň baý­ram­çy­lyk se­ne­si­ne ba­gyş­la­nyp, her ýyl­da dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­de hal­ka­ra de­re­je­de yl­my mas­la­hat­lar, du­şu­şyk­lar, çä­re­ler ge­çi­ril­ýär.

 

 

Milli Liderimiziň we Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň döw­let­li baş­lan­gyç­la­ryn­da, tu­tum­ly iş­le­rin­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň er­ka­na hem aba­dan dur­muş, ber­ka­rar döw­let, wa­tan­sö­ýü­ji, kä­mil ne­sil­le­ri ýe­tiş­dir­mek ba­ra­da­ky kö­ňül ar­zuw­la­ry, sö­züň do­ly ma­ny­syn­da ama­la aş­ýar.

 

Bahar HÜMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.