logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Technology /Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy
  23.05.2026
320
Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy

XXI asyrda maglumat tehnologiýalarynyň ösüşi täze ylmy ugurlaryň döremegine şert döretdi. Şolaryň arasynda emeli aň we akylly ulgamlar aýratyn orun eýeleýär. Häzirki wagtda bu tehnologiýalar diňe bir maglumatlary işlemek bilen çäklenmän, eýsem öwrenmek, analiz etmek we özbaşdak çözgüt kabul etmek mümkinçiliklerine hem eýe bolýar.


Akylly ulgamlar maşyn öwrenişi (machine learning) we neýron torlary ýaly tehnologiýalara esaslanýar. Bu ulgamlar uly maglumatlary seljerip, olaryň arasynda baglanyşyklary kesgitlemäge ukyplydyr. Mysal üçin, lukmançylykda keselleri ir anyklamak, bank ulgamynda galplyklary ýüze çykarmak ýa-da ulag ulgamynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly meseleler emeli aň tehnologiýalarynyň kömegi bilen çözülýär.


Ylmy barlaglar akylly ulgamlaryň önümçilikde we hyzmat ulgamynda ýokary netijeliligi üpjün edýändigini görkezýär. Şeýle ulgamlar adam zähmetini ýeňilleşdirip, maglumatlaryň has takyk işlenmegine mümkinçilik berýär. Şonuň üçin dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalary emeli aň ulgamlaryny ösdürmäge uly maýa goýýarlar.


Türkmenistanyň şertlerinde hem emeli aň we akylly ulgamlar bilen bagly tehnologiýalary ösdürmek ugrunda birnäçe işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde bilim, bank, aragatnaşyk we hyzmat ulgamlarynda döwrebap sanly platformalar giňden ornaşdyrylýar.


Şeýle hem Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem-de beýleki ýokary okuw mekdeplerinde programmirleme, robototehnika, kiberhowpsuzlyk we emeli aň ugurlary boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Ýaşlaryň arasynda geçirilýän IT bäsleşikleri, hakatonlar we sanly taslama forumlary hem bu ugra bolan gyzyklanmany artdyrýar.

Roza AŞYROWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň talyby.