logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi
  19.05.2026
213
2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şygary mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň aýdym-saz döredijilik toparlarynyň hasabat konserti geçirildi. 

 

Konsertiň dowamynda türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň döreden birnäçe ajaýyp eserleri ýaňlandy. 

 

Konsertiň başynda üflenip çalynýan saz gurallary orkestriň sazandarlyk etmeginde M. Ataýew, Y. Welhanow bilen hor toparynyň ýerine ýetirmeginde S. Baýlyýewiň M. Sähedowyň goşgusyna döreden “Türkmenistan” eseri ýaňlandy.

 

Ýerine ýetirilen eserlerden P. Çaýkowskiýiň “Wenger tansy”, N. Halmämmedowyň “Duran ýerleri”, A. Holminowyň “Skerso”, N. Rotanyň “Parla Piu Piano”, W. I. Muradeliniň “Gruzin tansy”, S. Rahmaninowyň “Saz pursady”, sazy-sözi A. Mededowyň “Bedew batly at-myradyň mekany”, Ç. Nurymowyň “Çapyksuwaryň aýdymy”, A. Walliniň “Tonino”, sazy-goşgusy T. Artykowyň “Günäkär menmi” ýaly eserleri konsertiň täsirliligini has-da artdyrdy. Şeýle hem D. Öwezow we A. Şapoşnikowyň “Şasenem bilen Garybyň dueti”, W. A. Mosartyň “Figaronyň toýy” operalardan ariýalar, “Karar oldum” we “Nergiz” türkmen halk sazlary ussatlyk bilen ýerine ýetirildi.

 

Sazy we sözi H. Reýimbaýewiň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” atly eseri geçirilen hasabat konsertiň jemleýji eseri boldy. Bu eseri simfoniki orkestriň sazandarlyk etmeginde B. Çerkezow, O. Seýidowa we hor topary joşgunly ýerine ýetirdiler.

 

Türkmen we daşary ýurt kompozitorlaryň döredijiliginden düzülen konsertler biz saz sungaty ugrundan bilim alýan talyp ýaşlar üçin has-da peýdalydyr. Bu diňe bir aýdym-sazly hasabat konsert bolman, eýsem, ýaş nesilleriň türkmen we daşary ýurt kompozitorlaryň döredijiliginden ylham almagynda möhüm ähmiýete eýe boldy. 

 

Biz ýaş nesillere halypa kompozitorlaryň döredijiligini, olaryň döreden eserlerini öwrenmekde döredilýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

 

Gülnar SEÝIDOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli

konserwatoriýasynyň "Sazşynaslyk" hünariniň

1-nji ýyl talyby.