logo

Latest news:
✦ Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦
Home / Interesting /Diş pastalarynyň düýbündäki reňkler näme many berýär?
  27.02.2025
14823
Diş pastalarynyň düýbündäki reňkler näme many berýär?

Häzirki wagtda internetde diş pastalarynyň düýbündäki reňkler bilen baglanyşykly dürli pikirler ýaýran. Käbir adamlar bu reňkleriň pastanyň düzümi hakda maglumat berýändigini aýdýarlar. Mysal üçin, ýaşyl reňkiň “tebigy maddalardan”, gara reňkiň bolsa “dolulygyna himiki maddalardan” ybaratdygyny öňe sürýärler. Ýöne bu düşünje nädogrydyr.

 

Diş pastasynyň düýbündäki reňkler näme üçin ulanylýar?

 

Diş pastalarynyň düýbünde ýerleşýän reňkler önümçilik prosesine degişli tehniki belliklerdir. Olar optiki skanerleriň ulanylmagy üçin nişan bolup, önümçiligiň awtomatiki kesiş, gaplama ýa-da bukja ýelimlemek ýaly amallary üçin ulanylýar.

 

Bu reňkler diş pastasynyň düzümi ýa-da hili bilen baglanyşykly däldir.

 

Myş-myşlar we hakykat

 

Internetde giň ýaýran myş-myşlara görä:

•    Ýaşyl – Dolulygyna tebigy maddalardan düzülendir.

•    Gök – Tebigy we himiki maddalaryň garyndysy.

•    Gyzyl – Himiki we tebigy maddalaryň belli bir gatnaşygy

•    Gara – Dolulygyna himiki maddalardan durýandyr.

 

Aslynda bu maglumatlar ýalňyşdyr. Reňkleriň diş pastasynyň düzümi bilen hiç hili baglanyşygy ýokdur. Pastanyň düzümi barada anyk maglumat almak üçin onuň gaplamasyndaky “Düzümi” (Ingredients) bölümine seretmeli.