logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkmenistan Hytaýa 9,28 milliard dollarlyk mawy ýangyç iberdi
  21.12.2022
971
Türkmenistan Hytaýa 9,28 milliard dollarlyk mawy ýangyç iberdi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasyna turba geçirijiler arkaly tebigy gazy ibermekde öňdeligi eýeläp gelýär. 2022-nji ýylyň 11 aýynda türkmen mawy ýangyjynyň 9,28 milliard dollarlyk möçberi Hytaý Halk Respublikasyna iberildi.

Hytaýa tebigy gaz ibermekde Türkmenistan öňdäki orny eýeleýär. Bu barada, Hytaýyň Baş gümrük müdirligi belläp geçýär. Bu ugurda ikinji orun Russiýa degişli bolup durýar. Degişli hasabat döwründe Russiýanyň iberen tebigy gazynyň möçberi pul serişdelerinde 3,546 milliard dollara deň boldy.

Üçünji orundaky Mýanma 1.29 milliard dollar möçberinde tebigy gaz iberen bolsa, dördünji orundaky Özbegistanyň eksporty 1,03 milliard dollara, bäşinji orundaky Gazagystanyň eksporty 1 milliard dollara deň boldy.

Belläp geçsek, Hytaý gaz pudagynda Türkmenistanyň iri hyzmatdaşy bolup durýar. Türkmenistan-Hytaý Merkezi Aziýa gaz geçirijisi «Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý» ugry boýunça geçýän 3 sany ugurdaş şahamçany öz içine alýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny «Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý» ugry boýunça çekmek meýilleşdirilýär. Bu şahanyň gurulmagy bilen we gaz geçirijiniň taslama kuwwatyna çykarylmagy bilen Hytaýa ýyllyk iberilýän türkmen gazynyň ibermeleri 65 mlrd kub metre ýeter. 

 

Rahmangeldi SEÝITMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.