logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Abu Aly ibn Sinanyň döredijilik mirasy we ylma goşan goşandy
  09.03.2024
987
Abu Aly ibn Sinanyň döredijilik mirasy we ylma goşan goşandy

Orta asyr yslam dünýäsiniň meşhur alymy, filosof we lukman Abu Aly Hüseýin ibn Abdullah ibn al-Hasan ibn Ali ibn Sina öz döwründe 29 ugur boýunça 450 - den gowrak eser ýazypdyr, ol eserleriň diňe 274 sanysy biziň günlerimize gelip ýetipdir. Bu meşhur şahsyýet Ýewropa ýurtlarynda Awsienna biziň ýurdumyzda bolsa Lukman Hekim ady bilen tanalýar.

 

 

Abu Aly ibn Sina esasan lukmançylyk, pelsepe, astronomiýa, mehanika, himiýa, geologiýa we logika bilen gyzyklanypdyr. Awsiennanyň mirasy gaty giň we köp ugurlara degişli bolup, ol Yslam pelsepesiniň kemala gelmeginde möhüm rol oýnapdyr. Aristoteliň pikirlerini we yslam teologiýasyny öwrenip aýratyn bir pelsepe ulgamyny öňe sürdi.

 

 

Onuň iň meşhur eseri “Medisinanyň kanuny” latyn dilinde “Canon Medicinae” bolup, bu eser Yslam dünýäsinde we Ýewropada lukmançylyk kitabyna öwrüldi. Bu kitapda esasan anatomiýa, fiziologiýa, keseller we olaryň bejeriliş usullary barada jikme-jik maglumat berýär.

 

 

Ibn Sina diňe bir bar bolan lukmançylyk bilimleri özleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem oňa özboluşly goşant goşdy. Ol lukmançylykdan başgada Fizika, matematika, astronomiýa hat-da alhimýa barada hem ençeme ýazgylary miras galdyrdy.

 

 

Lukman Hekimiň eserleri yslam dünýäsinden daşarda hem latyn we ýewreý dillerinde terjime edilipdir. Onuň döredijilik mirasy we lukmançylyk ylmyna goşan goşandy, filosofiki pikirleri häzirki wagtda hem giňden peýdalanylyp gelinýär.

 

Aýsoltan Ataýewa
Türkmen döwlet Maliýe
institutynyň 1-nji ýyl talyby.