logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Mekdebe çenli ýaşlarda çagalar üçin milli oýunlaryň ähmiýeti
  07.11.2025
599
Mekdebe çenli ýaşlarda çagalar üçin milli oýunlaryň ähmiýeti

Mekdebe çenli çagalar edara guramalarynda dürli milli oýunlary öwrenýärler. Bu oýunlaryň arasynda toparlaýyn, iki-üç adam bolup ýa-da köpçülikde oýnalýan görnüşleri bar. Şeýle oýunlar çagalaryň biri-biri bilen dostlukly gatnaşyk guramagyny, özara hormat goýmagy we jemgyýetde aragatnaşyk saklamagy öwredýär. Geljekde jemgyýet bilen iş salyşmagyň iň gowy ýoluny görkezýän bu milli oýunlaryň ähmiýeti örän uludyr.

 

Türkmen halkynyň milli oýunlary — nesilden nesle geçip gelen gymmatly mirasdyr. Bu oýunlar diňe bir gyzykly zaman geçirmek üçin däl, eýsem, terbiýeçilik ähmiýeti bolan baý medeniýetimiziň bir bölegidir. Halkymyz oýunlaryň oýnalýan düzgün-tertibini, geçirilýän ýerini hem-de maksadyny çagalaryň terbiýesine gönükdiripdir.

 

Çagalaryň söýüp oýnaýan milli oýunlarynyň her biri olaryň beden taýdan sagdyn, berk, ruhubelent bolup ýetişmegine ýardam edýär. Şeýle hem oýunlar çagalaryň dogry gürlemäge, sözleri takyk aýtmaga, dili ösdürmäge mümkinçilik berýär. Milli oýunlaryň üsti bilen çagalar sabyrlylyk, özara hormat, tertip-düzgün ýaly häsiýetleri edinýärler.

 

Türkmen halk oýunlarynyň arasynda “Aşyk oýny”, “Gizlenpeçek”, “Aýterek-Günterek”, “Bäş daş”, “Ak süňk” ýaly köne we meşhur görnüşleri bar. “Aşyk oýny” çagalaryň el çeýeligini, nyşana dürs atmagy ösdürse, “Ak süňk” oýny çalasynlyk we üns merkezlenmesini ösdürýär. “Gizlenpeçek” bolsa çagalaryň synçylygyny we duýgurlygyny artdyrýar.

 

Milli oýunlaryň hemmesiniň öz düzgüni we aýratynlygy bar. Käbirleri hereketli, beýlekileri bolsa az hereketli görnüşde oýnalýar. Oýundan öň ýörite sanawaç aýdylýar. Çagalar bu sanawaçlary ýatdan öwrenýärler we oýun başlanylmazdan öň aýdýarlar. Bu sanawaçlaryň üsti bilen çagalaryň ýatkeşligi, dilden gürlemek ukyby we oýna bolan höwesi artýar. Her sanawaç üýtgeşik manyda bolup, çagalaryň söz baýlygyny giňeltmäge we dilleri kämilleşdirmäge hyzmat edýär.

 

Netijede, milli oýunlar çagalaryň beden, ruhy we akyl taýdan ösmegine täsir edýän, olaryň jemgyýetde özüni alyp barmak medeniýetini kemala getirýän gymmatly milli mirasdyr.

 

Leýli MOMMYÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby.