logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /«Türkmentel – 2025» öz işine başlady
  13.11.2025
336
«Türkmentel – 2025» öz işine başlady

12-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň sanly ösüş we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda täze döwri başlaýan möhüm halkara çäre öz işine başlady. Üç günläp dowam etjek bu giň möçberli forum — «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahat we sergi hökmünde birleşdirildi.


Açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gutlag haty okaldy. Bu hatda ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanly esasda ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygynyň, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hem-de maglumat howpsuzlygynyň berkidilmeginiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.


Forumyň esasy ugurlary maglumat tehnologiýalarynyň ösdürilmegi, kiberhowpsuzlyk, sanly transformasiýa, hemra aragatnaşygy, emeli aň we döwrebap kommunikasiýa ulgamlarynyň ösdürilmegi bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem bu çäre döwlet dolandyryşynyň sanlylaşdyrylmagy, ykdysadyýetde ýokary tehnologiýalaryň orny hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini giňeltmek maksadyny göz öňünde tutýar.


«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly forumyň çäklerinde bolsa, ulag-logistika ulgamynda pandemiýadan soňky döwürde ykdysady durnuklylygy üpjün etmek, ýaşyl infrastruktura geçmek, ekologiýa taýdan arassa ulag çözgütlerini ornaşdyrmak we döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Ulag ulgamynyň dürli pudaklarynda — awtobanlardan başlap, deňiz we howa portlaryna çenli — halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň täze strategiýalary hödürlenýär.


Forumyň çäklerinde dürli ýurtlaryň kompaniýalarynyň we ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň arasynda gepleşikler, maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, bu çäre Türkmenistanyň dünýä ykdysady giňişligindäki ornuny berkitmekde täze platforma hökmünde çykyş edýär.

Dawut Alladurdyýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň talyby.