Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦ ✦ Türkmenistanda maldarçylygyň ekologiýa taýdan durnuklylygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ «Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» atly iňlis dili bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen talyplary nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadada üstünlik gazandylar ✦ ✦ Arkadag şäherinde Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi ✦ ✦ Hytaý we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Milli oýunlaryň çaga terbiýesindäki orny
  14.11.2025
222
Milli oýunlaryň çaga terbiýesindäki orny

Mekdebe çenli ýaşdaky çagalar ýurdumyzyň dürli milli oýunlaryny öwrenýärler. Bu oýunlar käte toparlaýyn, käte bolsa iki-üç adam bolup ýa-da köpçülikde ýerine ýetirilýär. Şeýle oýunlar çagalara dostlukly gatnaşmagy, biregeň hormat goýmagy hem-de jemgyýetde dogry aragatnaşyk saklamagy öwredýär. Geljekde jemgyýet bilen utgaşykly gatnaşyga ýol açýan bu milli oýunlaryň orny gaty uludyr.

 

Türkmenleriň milli oýunlary atadan-ogla geçip gelen gadymy we gymmatly miras bolup, diňe wagt geçirmek üçin däl-de, terbiýeçilik ähmiýeti bolan medeni baýlygymyzyň bir bölegidir. Oýunlaryň düzgünleri, ýerine ýetirilýän ýerleri we maksatlary halkymyzyň terbiýeçilik nusgasyna laýyklykda tertiplenipdir.

 

Türkmen milli oýunlarynyň arasynda “Aşyk oýny”, “Gizlenpeçek”, “Aýterek-Günterek”, “Bäş daş”, “Ak süňk” ýaly gadymy we belli türgenleşdiriji oýunlar bar. “Aşyk oýny” eli çeýeleşdirýär we nyşana dürs atmagy öwredýär, “Ak süňk” ünsü güýçlendirýär we çalasynlygy artdyrýar, “Gizlenpeçek” bolsa synçylygy hem-de duýgurlygy ösdürýär.

 

Her bir milli oýnuň özboluşly düzgüni bar. Käbirleri hereketli, beýlekileri bolsa ujypsyz hereketli görnüşde oýnalýar. Oýundan öň ýörite sanawaç aýdylýar. Çagalar bu sanawaçlary ýatdan bilýärler we her gezek oýun başlamazdan öň aýdýarlar. Sanawaçlar olaryň ýatkeşligini, dilden gürlemek ukybyny we oýna bolan höwesini artdyrýar. Şeýle-de sanawaçlar olaryň söz baýlygyny giňeltmäge we dili kämilleşdirmäge ýardam edýär.

 

Umuman alanyňda, milli oýunlar çagalaryň beden, ruhy we zehin taýdan ösmegine täsir edýän, olaryň jemgyýetdäki medeni taýdan ýerlikli hereket etmegini kemala getirýän gymmatly milli mirasdyr.

 

Leýli MOMMYÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby.