logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /“Sanly çözgüt—2025” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
  14.11.2025
791
“Sanly çözgüt—2025” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan ýaşlaryň arasynda guralan “Sanly çözgüt—2025” innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

 

Bäsleşige gatnaşyjylaryň taslamalary emeli intellekt, robot tehnologiýalary, awtomatizasiýa, akylly oba hojalygy, “Akylly şäher”, bilim we sanly okuw, sanly saglygy goraýyş hem-de hyzmatlar ulgamy ýaly dürli ugurlary öz içine aldy.

 

Eminlere akylly robotlar, wirtual kömekçi ulgamlary, ýüz tanamak tehnologiýalary, mobil goşundylar we ses arkaly dolandyrylýan enjamlar ýaly täze taslamalar hödürlendi. Bäsleşigiň çäklerinde eminler topary 360-dan gowrak taslamany gözden geçirdi. 42 sany ýaş we zehinli IT-hünärmeniň işleri iň gowusy diýlip ykrar edildi.

 

Eminler topary işleri täzelikçi çemeleşmesine, elýeterliligine, ýerine ýetiriliş derejesine, şeýle hem jemgyýetçilik, ykdysady we önümçilik taýdan ähmiýetine görä bahalandyrypdyr.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ähli ýeňijilere diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew tarapyndan gowşuryldy.

 

Jumageldi AMANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.