logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /TDEI-de bag ekmek dabarsy geçirildi
  08.11.2025
583
TDEI-de bag ekmek dabarsy geçirildi

2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 8-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäginde bag ekmek we bar bolan baglara ideg etmek boýunça giň gerimli ýowar çäresi geçirildi. Bu çärä institutda zähmet çekýän professor-mugallymlar bilen birlikde, ruhubelent talyp ýaşlar hem işjeň gatnaşdylar.

 

Çäräniň dowamynda ýaşlar täze bag nahallaryny oturtmak, ösüp oturan baglara ideg etmek, haşal otlary arassalamak, tarp ýerleri depmek hem-de bagçylyk meýdançasyny arassalamak ýaly möhüm işleri ýerine ýetirdiler. Şeýle hem olar institutyň çäginde döredilen bagy-bossanlygyň has-da gözelleşmegine we abadanlaşmagyna öz goşantlaryny goşdular.

 

Soňra ahyrynda gatnaşyjylar şeýle peýdaly hem ruhy taýdan baýlaşdyryjy çäreleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. Şeýle hem olar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän giň mümkinçilikleri, ýaşlaryň döredijilik we zähmet ukyplaryny ösdürmek ugrunda edilýän aladalary üçin çäksiz minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.

 

Bu çäre ýaşlaryň tebigata bolan jogapkärçilikli garaýşyny kemala getirmekde, ekologiýa medeniýetini ösdürmekde hem-de abadan, ýaşyl ülke döretmek baradaky başlangyçlary goldamakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

 

Röwşen TÄŞLIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.