logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Ahalda ýerleşýän kärhana täze görnüşli önümleri öndürip başlady!
  27.02.2023
1332
Ahalda ýerleşýän kärhana täze görnüşli önümleri öndürip başlady!

«Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýeti plastik önümleriň önümçiligi bilen tanalýar. Golaýda, bu hojalyk jemgyýeti golaýda täze görnüşli önümleri öndürip başlady. Onlarça görnüşli täze önümleriň hatarynda polipropilenden 1,5 litrlik suw gaby (grafin), dörtburç görnüşli we uly göwrümli güldanlar, üçburç we dörtburç görnüşli tekjeler, aşhanada ulanylýan gap-gaç guratgyçlary, pol ýuwulýan bedre, çagalar üçin kiçi oturgyçlar ýaly öý hojalyk harytlary, oba hojalygynda şitil ýetişdirmek üçin niýetlenen ýörite gaplar bar. Bu önümler ýurdumyzyň söwda nokatlarynda alyjylara hödürlenip başlandy.

«Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýär. Kärhanada plastmassadan öý hojalyk harytlarynyň, çaga oýnawaçlarynyň dürli görnüşleri öndürilýär. Bu ýerli kompaniýa ýurdumyzda ilkinji bolup, laminatyň düşegi hökmünde ulanylýan sinteponyň önümçiligini hem ýola goýupdy. Önümiň jaýyň içine çyg, sowuk geçirmeýändigi onuň artykmaç taraplarydyr.

Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümi bolan döwrebap enjamlaryň ornaşdyrylmagy kärhanada aýda ençeme tonna çenli önüm öndürmäge mümkinçilik döretdi. Döwrebap kärhanada öndürilýän önümleriň hyrydarlary yzygiderli artýar. Sargytlar boýunça öndürilen önümler daşary ýurtlara hem eksport edilýär.

Belläp geçsek, şu ýylyň başynda «Türkmen şöhle» çaga oýnawaçlaryny, hojalyk harytlaryny Belarus, Özbegistan we Gazagystan Respublikalaryna eksport etdi. 

 

Meýlis MÄMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.