logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Bag – zeminiň zynaty
  27.10.2022
690
Bag – zeminiň zynaty

Özgerişler bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli künjekleriniň, paýtagtymyzyň binagärlik keşbini özgertmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň ençemesi alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, şol sanda gök zolaklary döretmek we bezeg agaç nahallaryny oturtmak babatdaky işleri geljekde hem alyp barmagyň möhümdigini yzygiderli nygtap, bu işi ylmy esasda alyp barmak bilen, oňa ýaş alymlary, degişli hünärmenleri çekmegiň zerurdygyny belleýär. Tebigatyň iň ajaýyp gözellikleriniň biri bolan pürlüdir saýaly bezeg agaçlarynyň birnäçe ähmiýetli häsiýetleri bar. Olar bütin ýylyň dowamynda fotosintez hadysalaryny geçirýärler-de, atmosferada kislorodyň mukdaryny artdyrýarlar. Günden düşýän ýylylygyň käbir bölegi infragyzyl şöhle görnüşinde äleme gaýtarylýar. Dynç alynýan seýilgählerde, binalaryň daş-töwereginde, ýollaryň gyralaryna ekilen bezeg agaçlar howany ionlar bilen baýlaşdyrýarlar. Atmosferany hapa gazlardan arassalamakda hemişe ýaşyl öwsüp oturan pürli agaçlaryň ähmiýeti diýseň uludyr.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatdaky işler giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzyň suwarymly toprak-howa şertleri köpdürli agaçlaryň görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge giň mümkinçilikler döredýär. Ak mermere beslenen paýtagtymyzyň köçeleridir seýilgählerinde, dynç alyş ýerlerinde gabat gelýän göze gelüwli, owadan daragtlar dünýäniň dürli künjeklerinden getirilip, diýarymyzyň şertlerine uýgunlaşdyrylýar hem-de yzygider köpeldilýär. Döwletimizde tebigaty goramak we biodürlüligi baýlaşdyrmak baradaky döwlet syýasaty jemgyýetiň ekologik bähbitleriniň ileri tutulmagyny üpjün etmäge gönükdirilýär. Sebitde ekologik abadançylygy ýokarlandyrmak, biodürlüligi baýlaşdyrmak maksady göz öňünde tutulyp getirilýän dürli agaçlar ýurdumyza bezeg berýär. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hem ekologik ähmiýetli, adamzat bähbitli bu çäreler örän işjeň häsiýete eýe bolmak bilen, şeýle çärelere ýaşlaryň uly topary çekilýär. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesillerde ekologik bilimi, ekologik sowatlylygy kemala getirmäge ýardam edýär. 

 

Şirin ANNAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.