logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Bilim ynsan ömrüniň ýagty şamçyragy
  17.11.2021
891
Bilim ynsan ömrüniň ýagty şamçyragy

Bilim almak ylymlar dünýäsiniň ilkinji basgançagy bolup, ynsan ömrüniň ýagty şamçyragyna öwrülýär. Munuň şeýledigine Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli bilim ulgamynda amala aşyrylan ýagty geljegi nazarlaýan özgertmeler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ylmy ösüşiň ygtybarlylygyň özeni bolan başlangyç bilimiň binýadynyň berkidilmegi, bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelere ýadygärlik sowgat hökmünde “Bilimli” atly kompýuterleriň gowşurylmagy, çagalar baglarydyr mekdepleriň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy bilim ulgamynyň ösüş ýoluna ymykly düşendiginden habar berýär. Ýurdumyzda dünýä biliminiň we ylmynyň gazananlarynyň durmuşymyza giňişleýin ornaşdyrylmagy, bagtyýar nesillerimiziň döwrüň iň döwrebap tehnologiýalaryna ussatlyk bilen erk edip bilmeklerini gazanmak maksady bilen ähli zerur şertleriň döredilmegi, halkymyzyň we nesillerimiziň bähbidine gönükdirilen, ýagty geljegiň rowaçlygynyň hatyrasyna amala aşyrylan beýik işleriň mysalydyr.

Mähriban Diýarymyzda durmuş-ykdysady ösüşiň ähli ugurlarynda zerur bolan ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylyşynyň hilini ýokarlandyrmakda möhüm serişde hökmünde okatmagyň sanly bilim ulgamy esasynda alnyp barylmagyna aýratyn üns berilýär. Mundan başga-da ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okatmakda usuly taýdan uly ähmiýete eýe boljak okuw gollanmalarynyň taýýarlanylmagy, okuw sapaklarynyň interaktiw usullarda guralmagy bilim bermekligiň hiliniň ýokary bolmagyna mümkinçilik berýär. Sapaklaryň dowamynda talyplara berilýän maglumatlar öz düzümi, logikasy we beýan ediliş usullary boýunça ýönekeýligi taýdan tapawutlanyp, ol berilýän maglumatlary çalt we netijeli kabul etmäge hem-de özleşdirmäge mümkinçilik berýär.