logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Bilime daýanmak – ösüşiň netijeli ugry
  29.12.2022
912
Bilime daýanmak – ösüşiň netijeli ugry

Täze taryhy eýýamda ýokary ahlak sypatly, watansöýüji, ynsanperwer, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, bazar hojalygynyň we demokratik döwletiň talaplaryna laýyk gelýän ýaş nesilleri kemala getirmek Türkmenistan döwletimizde ileri tutulýan döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu ugurda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, ýadawsyz zähmeti, döredijilikli, parasatly, ynsanperwer syýasaty bilen ýurdumyzyň bilim, ylym pudagy ösüşiň täze basgançaklaryna çykaryldy, dünýäniň bilim giňişliginde özüniň mynasyp ornuny tapdy. Döwletimiziň ähli künjeklerinde häzirki zaman dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ojaklary, sport desgalary gurlup ulanylmaga berilýär. Olar kompýuter tehnologiýalary, multimediýa enjamlary, bütindünýä internet aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilýär.

Ýurdumyzda ylym-bilimi hil taýdan täze, ösüşiň dünýä derejesine çykarmak, ylmy-barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, halkyň ýaşaýyş-durmuşy bilen bagly möhüm meseleleri çözmäge gönükdirmek Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm wezipesidir. Bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ata Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ynamly goşulmagynyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Kabul edilýän milli ösüş maksatnamalarynda netijeli tehnologiýalar bilen sazlaşan bilim bermeklige, ösen iş tejribesine esaslanan ykdysadyýeti ösdürmegiň innowasion ugruna möhüm orun degişlidir. Ylmy gazanylanlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, bilimiň hilini kämilleşdirmek esasy üns merkezinde saklanýar. Häzirki wagtda ylma daýanmazdan, islendik döwletiň durnukly ösmegi we hemmetaraplaýyn rowaçlanmagy mümkin däldir. Häzirki wagtda Bitarap döwletimiziň ösen ýurtlar bilen ýola goýan gumanitar ugurlardaky gatnaşyklarynyň çäklerinde dünýäniň iň abraýly bilim ojaklarynda bilim alýan ýaşlarymyzyň müňlerçedigi hem aýratyn buýsanç bilen bellenilip geçilmäge mynasypdyr.

Berkarar Watanymyzda şeýle giň maksatly mümkinçilikleri döredip, halkymyzy berkararlyga, nesillerimizi bagtyýarlyga besleýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, tutýan tutumly işleri mydama rowaçlyklara beslensin.

 

Aýnur MERETAMANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.