logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /TDEI-de okuw maslahaty geçirildi
  15.11.2025
554
TDEI-de okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 13-14-nji noýabr günlerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan Energiýa tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalar boýunça okuw-maslahaty geçirildi. Maslahata gatnaşanlar mugallymlaryň we talyplaryň ylmy işleri we taslamalary bilen tanyşyp, olaryň işiniň netijeliligine baha berdiler.

 

Okuw-maslahatyň çäklerinde halkara bilermenler energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmak, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar, energiýa sarp edilişini dolandyrmak we Ýewropanyň öňdebaryjy tejribesi barada çykyş etdiler. Maslahatyň dowamynda geljekde amala aşyryljak işler boýunça pikir alyşmalar hem geçirildi. Şeýle-de ylmy işgärler, mugallymlar we talyplar bilermenler bilen möhüm temalar boýunça sorag-jogap sessiýalarynda işjeň gatnaşdylar.

 

Okuw-maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylara degişli sertifikatlar gowşuryldy. Maslahatda çykyş edenler bilim ulgamynda döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza, alkyşlaryny we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Mähri MEREDOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň Diller kafedrasynyň
mugallymy.