logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Bişkekde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi
  19.11.2025
489
Bişkekde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy J​.Balasagyn​ adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetinde maslahat geçirdi. Maslahata uniwersitetiň professor-mugallymlary, talyplary we Azerbaýjan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzstan​ ýaly ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

 

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýeti, şeýle hem bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy bilen gazanýan üstünlikleri nygtaldy. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ýurduň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan iň möhüm sepgitleriň biri bolandygy bellenildi.

 

Maslahata gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda syýasy, ykdysady, medeni we durmuş ulgamlarynda gazanan üstünliklerini belläp, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyndaky işjeň orny, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine goşýan goşandyny aýratyn nygtadylar. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň gymmatlyklarynyň arasyndaky baglanyşyk hem görkezildi. Şahyryň şygryýeti doganlyk, dostluk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz edýär.

 

Maslahatda Türkmenistan barada wideoýazgy görkezildi we ýurdumyzyň baý medeni mirasyny şöhlelendirýän sergi guraldy.

 

Ogulmaral BOPBYÝEWA​,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň Diller kafedrasynyň
mugallymy.