logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Science and Education /Startap bäsleşiginiň ikinji tapgyry: okuwlar, ösüş we täze tejribeler
  20.11.2025
705
Startap bäsleşiginiň ikinji tapgyry: okuwlar, ösüş we täze tejribeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gurnan startap bäsleşiginiň ikinji tapgyryna geçen gatnaşyjylar üçin giňişleýin okuw sapaklary geçirildi. Bu sapaklaryň maksady ýaşlaryň ösüşini güýçlendirmek, pikirlerini giňeltmek we taslamalaryny has kämil taýýarlaýmaga goldaw bermekden ybarat boldy.

 

Okuwlaryň dowamynda psihologiýa boýunça çykyşlar edilip, gatnaşyjylara ýolbaşçylyk ukyplary, topar bilen netijeli aragatnaşyk, kreatiw pikirleniş we özüni dolandyrmak babatynda möhüm maglumatlar berildi. Şeýle hem biznes plan düzmek, taslamanyň maksadyny anyklamak, müşderi seljermesi geçirmek, marketing strategiýalaryny düzmek ýaly möhüm okuwlar geçirildi.

 

Maliýe sowatlylygyna bagyşlanan sapaklarda startapçylara taslamanyň maliýe gurluşyny nädip dogry guramaly, çykdajylary dolandyrmaly we maýa serişdelerini çekmek üçin näme etmeli diýen möhüm ugurlar giňden düşündirildi.

 

Bu okuwlaryň aýratyn tarapy — dürli ugurlardan gelen tejribeli hünärmenleriň çykyşlary boldy. Ykdysadyýet, senagat, IT, oba hojalyk we beýleki ugurlardaky bilermenler häzirki zaman bazarynyň ýagdaýy we mümkinçilikleri barada maglumat berdiler.

 

Şeýle hem gatnaşyjylar “Ojar Aziýa” gurluşyk kärhanasy bilen tanyşdylar. Kärhananyň wekilleri öz iş ugurlary, gurluşyk ulgamyndaky tehnologiýalar, dolandyryş tejribesi we üstünlik gazanan taslamalary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Bu duşuşyk ýaşlara täze düşünjeler, ösüş üçin ideýalar we häzirki zaman gurluşyk ulgamynyň mümkinçilikleri barada peýdaly tejribe berdi.

 

Ikinji tapgyra geçen ýaşlaryň işjeňligi aýratyn bellenildi. Olar sapaklara diňe diňleýji hökmünde däl, eýsem sorag berýän, pikir paýlaşýan, täze mümkinçilikleri gözleýän döredijilikli gatnaşjylar hökmünde çykyş etdiler.

 

Geçirilýän bu okuw sapaklary ýaşlara diňe bilim bermek bilen çäklenmän, olaryň geljekki ösüşleri üçin berk binýat döredýär we täze mümkinçiliklere ýol açýar.

 

Eziz ANNAGLYJOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň,
Marketing fakultetiniň 2-nji ýyl talyby,
TSTP Ýaş telekeçiler merkeziniň diňleýjisi,
TMÝG Meýletinçiler merkeziniň işjeň agzasy.