logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Türkmenabat şäherinde ýaş zehinliler üçin baýramçylyk festiwaly geçirildi
  20.11.2025
367
Türkmenabat şäherinde ýaş zehinliler üçin baýramçylyk festiwaly geçirildi

Türkmenabat şäherine 14–16-njy noýabr aralygynda ýurdumyzda giňden bellenilýän baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Danafest 4 festiwaly geçirildi. Her ýyl geçirilmegi adata öwrülen bu giň gerimli dabara ýaş nesliň zehinini ösdürmäge, ylma bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga gönükdirilendir. Bu ýylky festiwal hem özboluşly täzelikler, toparlaýyn bäsleşikler we üstünliklere beslenip geçdi.


Festiwal çäginde Dana bilim merkeziniň diňleýjileri üçin ýörite bäsleşikler guraldy. Olar ýaşlaryň düşünje derejesini kämilleşdirmek, başarnyklaryny barlamak we täze mümkinçiliklere ýol açmak maksadyny göz öňünde tutdy. Bäsleşikler üç esasy ugur boýunça geçirildi:

  • Rising Stars – başlangyç derejedäki zehinleriň öňe çykarylmagy;

  • Trailblazers – öňdebaryjy pikirlenmäni ösdürmek we döredijilikli çözgütler tapmak;

  • Himiýa we biologiýa ugurlary boýunça ders bäsleşikleri – ylmy düşünjäniň we logiki seljermäniň barlanylýan meýdançasy.


Bu ýylyň Danafestine Dana bilim merkeziniň 13 şahamçasyndan gatnaşyjylar ýygnanyp, bäsleşikleriň dürli tapgyrlarynda öz ukyplaryny görkezdiler. Netijeler boýunça birnäçe şahamçalar üstünlik gazanan bolsa-da, Türkmenbaşy şahamçasynyň diňleýjileri aýratyn tapawutlandy. Olar birnäçe ugur boýunça ýokary derejeli baha mynasyp boldular:

  • Arslanow AzymberdiRising Stars boýunça 1-nji ýer;

  • Begmyradowa AygözelTrailblazers boýunça 1-nji ýer;

  • Dänegulyýewa ZubeýdaHimiýa bäsleşigi boýunça 2-nji ýer;

  • Nuryýewa ŞasenemBiologiýa bäsleşigi boýunça 2-nji ýer.

Bu ýeňişler diňe bir bäsleşige gatnaşyjylaryň taýýarlygyny görkezmän, eýsem ýaş nesliň bilim derejesiniň, ylyma bolan çuňňur gyzyklanmasynyň ösýändigini hem aýdyň ýüze çykardy. Şeýle üstünlikler ýurdumyzda alnyp barylýan bilim syýasatynyň netijelidiginiň, ýaşlaryň döredijilik we ylmy mümkinçilikleriniň giňden goldanylýandygynyň subutnamasydyr.


Bu festiwal ýaşlara ylmy dünýägaraýyşyň täze gapylaryny açýan, ruhlandyryjy we döredijilikli düşünjäni güýçlendirýän möhüm bilim baýramy boldy. Şeýle çärelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy olaryň ertirki üstünlikleriniň, Watanymyza has mynasyp hyzmat edýän raýatlar bolup ýetişmeginiň berk binýadydyr.