Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Çaý-melhem hem ylham!
  03.02.2021
1291
Çaý-melhem hem ylham!

      Çaý içmek bilen, biz öz ýadawlygymyzy aradan aýyrýarys, teşneligimizi gandyrýarys, saglygymyzy berkidýäris. Türkmen halkynyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik eseriniň jiltlerinde beýan edilýän dermanlyk häsiýeti bolan ösümliklerden taýýarlanan melhemlik çaýlary içmek bilen eziz topragymyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriň jana şypa beriji aýratynlyklaryndan lezzet alýarys. Howadaky tozan bölejikleriniň kadadan ýokary bolýan şu günlerinde adam bedeniniň ukybyny, güýjüni işjeňleşdirýän çaýyň ähmiýeti has-da artýar. Ol halkymyzyň medeni durmuşynda hem mynasyp orna eýedir. Nesilden-nesle geçip gelýän dessurlara görä, tomus bolsun, gyş bolsun, parhy ýok, türkmeniň myhmana ilki hödüri gök çaýdyr. Halkymyzyň «Çaý-melhem hem ylham» atly gymmatly kitabyndaky şu jümlelere ünsi çekesimiz gelýär: « Çaý önümi Orta Aziýa, hususan hem, Türkmenistana örän irki döwürlerde, gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen aralaşan bolmaly. Öz döwründe Çyn-Maçyna giden kerwenler ýüpek parçalar, farfor önümleri bilen birlikde, ilkinji nobatda, çaý hem getirendirler diýip, arkaýyn aýdyp bolar». Mysal getirilen bu jümleler gadymy söwda kerwenleriniň ýekeje harydynyň, ýagny çaýyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş medeniýetine ýetiren ýiti täsirinden habar berýär. Çuň filosofiýa ýugrulan bu eserde ýer ýüzüniň halklaryna mahsus bolan çaý içmek dessurynyň milletimiziň ýaşaýyş-durmuşyndaky orny hakynda-da örän täsirli we giňişleýin söz açylýar. Ynsan saglygy bilen baglanyşykly gymmatly hazynanyň üstüni ýetiren bu kitap türkmeniň çaý içmek we çaýlaşmak dessurynyň hem-de sungatynyň giňişleýin beýanydyr. Türkmençilikde öýe gelen myhmana ilki bilen çaý hödür etmek gadymdan gelýän asylly däp-dessurlarymyzyň biridir. Özara söhbetdeşlikde-de çaý başynyň gürrüňi has hem täsirli bolýar. Ýurdumyzyň tebigy howa şertlerinde çaýyň iň gowy içgidigini pederlerimiziň durmuş tejribesi tassyklaýar. Munuň özi çaýyň milletimiziň ýaşaýyş medeniýetine kök urandygyna güwä geçýär. Üýtgeşik lezzetli, ýakymly, şypa beriji, ýaramly çaý halk döredijilik eserlerinde hem ussatlyk bilen taryplanyp çaýyň gadyr-gymmatyny has hem artdyrýar. Giň okyjylar köpçüliginiň çaý hakyndaky düşünjelerini çuňlaşdyrýar. Çaýa bolan isleg-höwesiňi artdyrýar. Hut şeýle bolansoň, maşgala bolup, üýşüp, çaý içmäge has köp ýykgyn edýärsiň. Bu bolsa ýadawlygyňy aradan aýryp, saglygyň üçin hem peýdaly bolup çykýar.