Halkara ulag geçelgeleriniň ösüşinde awtomobil ýollary möhüm ähmiýete eýedir. Olar diňe bir ýurtlaryň arasyndaky arabaglanyşygy üpjün etmän, eýsem, söwda gatnaşyklarynyň giňelmegine, ýükleriň daşalmagyna we sebitleýin logistika mümkinçilikleriniň ösdürilmegine hem ýardam berýär.
2026-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenbaşy - Garabogaz - Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz - serhetýaka böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Uzynlygy 44 kilometre deň bolan täze ýol Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölekleriniň biri bolup durýar. Bu ulag ugrunyň gurluşygyna 2025-nji ýylda badalga berlipdi.
Täze ýoluň ýer düşeginiň ini 27,5 metre deň bolup, onuň gatnaw bölegi iki ugurdan ybaratdyr. Her bir ugur üçin dokuz metr giňlikde hereket zolagy göz öňünde tutuldy. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny we amatlylygyny üpjün etmek maksady bilen, ugurlaryň arasynda 3,5 metrlik bölüji zolak, iki tarapynda bolsa üç metr giňlikde ýol gyralary ýerleşdirildi.
Ýoluň gurluşygynda halkara standartlara laýyk gelýän köp gatlakly örtük ulanyldy. Onuň gurluşynda geotekstil, dürli ölçegdäki çagyl-çäge garyndylary we birnäçe gatlakdan ybarat asfaltbeton örtügi göz öňünde tutuldy. Şeýle gurluş ýol düşeginiň berkligini we uzak wagtlap ulanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Garabogaz - serhetýaka ýolunyň ulanmaga berilmegi Türkmenbaşy şäherinden Gazagystanyň serhedine çenli uzaýan ulag ugrunyň ösdürilmeginde möhüm tapgyrdyr. Bu geçelge arkaly goňşy ýurtlaryň arasynda ulag we ýük gatnawlaryny ösdürmek, şeýle hem Demirgazyk - Günorta halkara ulag ugrunyň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmak üçin täze şertler emele gelýär.
Häzirki zaman ulag infrastrukturasynyň diňe bir hil taýdan däl, eýsem, halkara ugurlary bilen sazlaşykly baglanyşykda ösdürilmegi hem möhümdir. Şu nukdaýnazardan, Garabogaz - serhetýaka böleginiň açylmagy Türkmenistanyň ulag ulgamynyň sebitara we halkara logistika baglanyşyklaryndaky ornuny giňeltmäge gönükdirilen taslamalaryň biri hökmünde ähmiýetlidir.
Maglumatlary toplan we taýýarlan:
Jennet Tommanowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy