logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy
  07.11.2026
14
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy. Saparyň ikinji gününde döwlet Baştutany Astanada geçirilen emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy.

 

Duşuşykda emeli aň tehnologiýalarynyň howpsuz ulanylmagy, kiberhowplara garşy göreşmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çärä Gazagystanyň, Iordaniýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýolbaşçylary, şeýle hem birnäçe halkara guramanyň wekilleri gatnaşdy.

 

Çykyşynda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Akaba prosesiniň maksatlaryny durmuşa geçirmäge goşant goşmaga taýýardygyny belledi.

Çeşme: Türkmenistan.gov.tm