logo

Soňky täzelikler:
✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦ ✦ Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar
  17.11.2026
30
Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar

Tehnologik ösüşde, ykdysady we dolandyryş ulgamlarynda, durmuş gatnaşyklary çygrynda bolup geçýän özgerişlikler zähmet bazarynyň subýektleriniň arasynda ýüze çykýan gatnaşyklara hem öz täsirini ýetirýär. Häzir emeli aň we sanly tehnologiýalar durmuşymyzda öz oňyn beýanyny tapýar.

 

Awtomatika, maglumatlary derňemek we sanly platformalaryň ýaýramagy täze hünärleri döredýär. Mysal üçin, programmalaşdyryş, maglumat analitigi we kiberhowpsuzlyk ýaly hünärler dünýäde iň köp isleg bildirilýän hünärleriň hataryna girýär. Ýurdumyzyň zähmet bazarynda hem täze hünärleriň döremegi, işiň täze görnüşleriniň kemala gelmegi döwrüň talaby bolup durýar. Bu üýtgeşmelere uýgunlaşmak üçin zähmet bazaryny kämilleşdirmek, hususy pudagy ösdürmek, sanly hyzmatlary giňeltmek we halkara hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.

 

Bu çäreler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň durnukly ösmegine, raýatlarymyzyň häzirki zaman zähmet bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam bermek bilen bir hatarda, zähmet çygrynda hereket edýän milli kanunçylygy hem döwrüň talabyna laýyk getirmegi talap edýär. Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda bu ugurda edilmeli işleriň birnäçesiniň göz öňünde tutulmagy öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyryljakdygyna ynamy güýçlendirýär.

 

Dursunjemal AÝDOGDYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.