logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Ekologiýa abadançylygy – bagtyýar geljege badalga
  31.10.2022
753
Ekologiýa abadançylygy – bagtyýar geljege badalga

Berkararlykdan hem bagtyýarlykdan nurlanyp, günsaýyn rowaçlanýan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda alnyp barylýan beýik işler giň gerime eýe bolýar. Eziz Watanymyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasatynyň esasy maksady adamyň  gündelik ýaşaýşynyň we işiniň çeşmesi hökmünde çykyş edýän tebigatyň abat saklanmagy hem-de onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmagy üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Türkmenistanda tebigaty goramak, ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak we täzeden dikeltmek, daşky gurşawy abadanlaşdyrmak döwletimiziň alyp barýan maksatnamalaýyn hem möhüm wezipesidir. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň ylmy esasda ösüşine, ähli senagat kärhanalarynyň tebigat üçin zyýansyz we howpsuz täze tehnikalar we tehnologiýalar, enjamlar bilen doly üpjün edilmegine, täze gurulýan önümçilik kärhanalaryň bolsa ekologiýanyň talaplaryna laýyk gelmegine uly üns berilýär. Ýurduň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün edip, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk we senagat önümleriň öndürilişini artdyrmak, tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak geljekki bagtyýar ýaşaýşyň kepilidir. Gadymy döwürlerden bäri halkymyzyň aňynda daş-töweregi gurşap alýan tebigata paýhasly hem aýawly çemeleşmek ýörelgesi duýgulary kemala gelip, bu garaýyşlar bagtyýar ilimiziň ýaşaýyş-durmuşyna, däp-dessurlaryna we medeniýetine çuň ornaşypdyr.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň gözel hem ajaýyp tebigatynyň has-da baýlaşmagy, döwletimiziň ekologiýa howpsuzlygyny we abadançylygyny üpjün etmek, ösüp gelýän ýaş nesillerde ekologik düşünjeleri, ekologik bilimleri kemala getirmek barada ýurdumyzda yzygiderli alada edilip, dünýä döwletleri üçin nusgalyk ekologiýa syýasaty alnyp barylýar. Häzirki döwürde ekologiýa meselesi bütin dünýäde tutuş adamzada dahylly bolan möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Täze önümçilik kärhanalarynyň gurluşygy, hereket edýän tehnologik we beýleki desgalaryň durkuny täzelemek, olary döwrebaplaşdyrmak işleri daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni almak kämil tehnologiýalary we tehniki çözgütleri ulanmak, şeýle hem tutuş adamzadyň bir jebislikde iş alyp barmaklygy arkaly gazanylýar. Özüniň gaýtalanmajak gözelligi, ajaýyp tebigy ýadygärlikleri, täsin hem köpdürli ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan sahawatly türkmen topragymyz her birimiz üçin bereketli hem gymmatlydyr. 

 

Miwe NURYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.