Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Fikuslaryň täsin görnüşleri
  08.07.2022
708
Fikuslaryň täsin görnüşleri

       Beýik banýan ýa-da bengal fikusy örän täsin agaç. Ol tutlar maşgalasyna degişli. Bu agajyň watany Hindistan, Şri-Lanka, Bangladeş hasaplanýar. Ýapraklary uly, miwesi iýmiş, ownuk, açyk gyzyl reňkli bolýar. Bengal fikusynyň miwesi diňe bir adamyň däl-de, ýarganatlaryň, guşlaryň we maýmynlaryň süýji höregi hasaplanýar. Bu agajyň ýokarky başynyň beýikligi 420 m töweregi bolýar. Eýeleýän meýdany 15000 m2-a deň bolýar we ol ýaşaýşynyň dowamynda ýene ösmegini dowam etdirýär. Suratdan görnüşi ýaly bir agaç, ýöne köp sütünli gysgalan we agaçlaşan, 200 – 250 ýyl ýaşan howa kökleri bolýar. Bengal fikusyna “banýan” diýip ýewropalylar at goýdy. Ilkinji gezek bu agaja Hindistanda iňlis we portugal syýahatçylary duş geldi. Ýöne, käbir ylmy maglumatlarda gujarat  dilinde söwdagärlere “baniýa” diýilýär. Şonuň üçin, bu agaja  ilki “banias agajy” soň wagtyň geçmegi bilen “banýan agajy” diýip atlandyryp başlandy. Bu agajy söwdagärler bahasyna ýetip bolmajak gymmatly agaç hasaplaýarlar.

   Köplenç fikus epifitler ýaly başga agaçlaryň üstünde ýaşaýarlar. Ýöne, olar agaja hiç hili zeper ýetirmeýär. Bu agajyň ösýän territoriýasynyň topragy ýumşaklygy we organiki maddalara baýlygy bilen tapawutlanýar. Onuň howa kökleri agaçlary gurşap alyp, ony guramakdan we zeper ýetmekden gorap saklaýar.  Fikusyň tohumy guşlar arkaly ýaýraýar. Eger, fikusyň tohumy haýsy-da bolsa bir agajyň üstüne düşse (meselem, şahalanýan sütünlerine) ýa-da daşlaryň arasyna düşse ösüp başlaýar we howa kökleri emele gelýär. Kem-kemden bengal fikusy öz hojaýynyny kökleri bilen gurşap bolýar. Esasy sütünden howa kökleri ösýär. Soň ýer bilen galtaşýar we kök urýar, ýognaýar we täze sütüni emele getirýär. Bu proses ýaşaýşynyň dowamynda mydama dowam edýär. Şonuň üçin, bengal fikusy çalt ösýär, ýaýraýar we köp ýerleri eýeleýär. Ýeke – täk agaçdan kiçiräk tokaý emele gelýär. Ol ýerde dürli haýwanlar, guşlar we mör – möjekler duş gelýär. Banýana ýeke bir bengal fikusy däl-de, olara iri we ownuk miweli, altyn öwüşgünli fikuslar hem degişli. Banýana buddizmde ýagtylygyň, aýdyňlygyň simwoly hökmünde garalýar. Hindistanda bu agaç ýeke bir ajaýyplygy bilen özüne çekmän, gutarnyksyz ýaşaýşyň simwoly hasaplanýar.      

Enebaý ANNALYÝEWA

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby