logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Gögümtil böwürslen
  20.10.2021
877
Gögümtil böwürslen

Böwürsleniň ýer ýüzünde 400-den gowrak, Türkmenistanda bolsa 3  görnüşi duşýar. Bu ösümlige başgaça böwürtlen, marmyjan, melissa, diýip hem atlandyrylýar.  Gögümtil böwürslen hem bägüller maşgalasynyň böwürslenler urugyna degişli bolup, onuň boýy 50-120 santimetre çenli ýetýär. Onuň üçem ýapraklarynyň uzynlygy 15-20 santimetr, ini bolsa 9-12 santimetr aralygynda bolýar. Gögümtil böwürslen ülkämizde deňiz derejesinden 600-1200 metr belentlikde dag çeşmeleriniň golaýynda we çygly derelerde gür jeňňellikleri emele getirip ösýär. Türkmenistanyň çäklerinde günorta-günbatar Köpetdagda: Hojagalada, Çendirde, Sumbarda, Deştde; Merkezi Köpetdagda: Nohurda, Garawulda, Ypaýgalada, Arwazda hem-de Köýtendagyň derelerinde duşýar. Böwürslen iýun-oktýabr aýlarynda miweleýär. Bu ösümligiň ýapragy we miwesi dermanlyk maksatlary üçin ulanylýar. Ösümligiň ýapragynda flawonoitler, organiki turşulyklar, mikroelementler, inozit, askorbin turşusy- limon miwesiniňkiden alty esse, pyrtykallaryňkydan bäş esse köp saklanýar. Şonuň üçin iýmişi mydama turşurak tagamly bolýar. Irki döwürlerde Rim goşunlarynyň belli lukmany Dioskoridiň “Dermanlyk serişdeler barasynda”, Lukman hekimiň “Lukmançylyk ylymynyň kanunlary” we Muhammet Hüseýniň “Melhemler hazynasy” atly kitaplarynda  bu ösümligiň dermanlyk häsiýetleri barada giňişleýin beýan edilýär. Ösümligiň ýapragy diş etiniň ýaralarynda we agyzdan ýaramaz ys gelende çeýnelýär. Onuň miwesi has ýokary kuwwat beriji häsiýete eýedir.