logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Culture /Halkara gatnaşyklaryna täze badalga
  27.02.2023
685
Halkara gatnaşyklaryna täze badalga

Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugrudyr. Şol syýasatyň düýp esasynda bolsa, oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesi durýar. Özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanyp, häzirkizaman tapgyrynda bu hyzmatdaşlyk täze derejelere çykýar we anyk mazmuna eýe bolýar.

Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklara mahsus bolan ösüş depginleri, ilkinji nobatda, dünýä syýasatyna Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy, tutuş adamzada degişli bolan global meseleleriň çözülmegine anyk ýardam bermäge ýurdumyzyň gyzyklanmasy bilen şertlenendir. Bu ýörelgeler BMG we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa we ykrarnama eýe boldy. Mundan başga-da ýurdumyz bu guramanyň birnäçe abraýly düzümlerine — BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň, BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň, ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika boýunça Komitetiniň Býurosynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýeti üçin Ýörite maksatnamasynyň, BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, BMG-niň gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça (UN-WOMEN) Ýerine ýetiriji geňeşiniň düzümine we beýlekilere ençeme gezek saýlanyldy.

Ýokardaky düzümleriň biri bolan ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk indi birnäçe ýyllardan bäri yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň konwensiýasyna gol çeken gününden bäri, onuň doly hukukly agzasy hasaplanýar. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi — abraýly halkara guramasynyň iki ýolbaşçy edaralaryň biri bolup durýar. Onuň düzümine şol guramanyň agzasy bolup durýan 58 döwlet girýär.

Golaýda, bolsa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNITWIN/ÝUNESKO-nyň «Häzirki döwrüň ýaşlarynda ekologiki bilimi we medeniýeti kämilleşdirmek» kafedrasyny döretmek boýunça resminama dolanyşygy döredildi. Bu dörediljek kafedrada ýaşlaryň ylmy we döredijilik işlerini önümçilige ornaşdyrmak, häzirki döwrüň ýaşlarynda ekologiki bilimi we medeniýeti kämilleşdirmek meýilleşdirilýär. 

 

Salyh BABAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.