logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /HYTAÝ DILINI ÖWRENMEKDE MASLAHATLAR
  06.07.2022
1991
HYTAÝ DILINI ÖWRENMEKDE MASLAHATLAR

      Dünýäde her döwletiň öz gürleýän dili bardyr. Biziň her birimiz hem haýsy-da bolsa daşary ýurt dilini öwrenmek islegi bardyr. Emma biz muňa wagt aýyrmaýarys, wagtymyzy başga zatlara sarp edýäris. Aslynda hytaý dili örän kynlygy bilen tapawutlanýar munuň bilen hytaýlylar hem ylalaşýarlar. Emma muňa garamazdan islegiňiz bolsa öwrenip bolar. Hytaý dilini öwrenmekde birnäçe maslahatlar:

Dil bilen günde meşgullanyň. Bu örän möhümdir. Gündelik tejribe bolmazdan öwrenmek mümkin däl. Şonuň üçin her gün 20 minut wagt dil bilen meşgullanmak peýdaly bolar.

   Taýýarlygyň tertibini düzüň. Dil öwrenýän wagtyňyz kynçylyk ýüze çykar we bu taýýarlygy başga wagta geçirmek islärsiňiz ýa-da soň okaryn diýip pikir edersiňiz. Munuň ýaly ýagdaý ýüze çykmazlygy üçin özüňize gün tertibini düzüň we okamaga wagt aýryň.

   Kynçylyklardan gorkmaň. Siz hytaý dilini öwrenip başlanyňyzda birnäçe täze informasiýa kabul edýärsiňiz: birnäçe täze sözler, äheňler we iýeroglifler. Iýeroglifleriň manysyna düşünseňiz ýatda saklamak has ýeňilleşer.Wagt geçdigiçe ýatda saklamak aňsatlaşar we birnäçe sözlere düşünip başlarsyňyz.

   Hytaý diline bolan söýgiňizi artdyryň. Dil öwrenmek üçin iň gowy itergi çyn ýürekden gyzyklanmakdyr. Munuň bilen öz-özüňizi okamaga mejbur etmeli bolmaz we täza sözleri, iýeroglifleri diňe bir okuw kitaplaryndan däl, eýsem dürli çeşmelerden öwrenersiňiz. Ondan başga-da telewizora gepleşiklerini görmäge, hytaý aýdymlaryny diňlemäge we edebiýat okamaga synanyşyň. Iň esasy hem hytaý diline bolan islegiňizi ýokarlandyryň we özüňize ynanyň, ýalňyşmakdan gorkmaň sebäbi adamlar ýalňyşmak arkaly öwrenýär.

Gülnabat HALYŞOWA

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby