logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi
  17.04.2025
2640
III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi

2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy geçirildi. Olimpiada, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” esasynda, ýaşlara innowasiýa tehnologiýalaryna höwes döretmek, bilim hiline garaşsyz baha bermek hem-de zehinli talyplary ýüze çykarmak maksady bilen guraldy.

 

Olimpiadanyň açylyş dabarasy uniwersitetiň baş binasynda geçirildi. Dabara ýurduň professor-mugallymlary, talyplary hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly gatnaşyjylar gatnaşdylar. Çykyş eden ýolbaşçylar olimpiada gatnaşyjylara üstünlik arzuw etdiler.

 

Bäsleşige 18 döwletden 52 ýokary okuw mekdebiniň 555 talyby gatnaşdy. Şolaryň 256-sy Germaniýa, Hytaý, Russiýa, Türkiýe, BAE, Gazagystan, Täjigistan ýaly ýurtlardan gatnaşdy. Olimpiada onlaýn görnüşde geçirildi.

 

Olimpiada dowamynda birnäçe ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri – şol sanda Gyrgyzystanyň I.Razzakow adyndaky döwlet tehniki uniwersitetiniň, Ermenistanyň politehniki uniwersitetiniň, Russiýanyň S.P.Korolýew adyndaky barlag uniwersitetiniň, şeýle hem ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üstünlik gazandylar.

 

Ýeňijiler Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky uniwersitet tarapyndan işlenip düzülen milli programma üpjünçiligi arkaly kesgitlenildi. Şahsy we toparlaýyn ýeňijiler I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglandylar.

 

Bu olimpiada ýaşlaryň sanly bilim we innowasiýa babatdaky taýýarlygyny görkezdi we halkara hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly boldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi