logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /JENNETIŇ DERWEZESI- tebigat tarapyndan döredilen täsin we ajaýyp gözellikdir
  02.06.2022
2831
JENNETIŇ DERWEZESI- tebigat tarapyndan döredilen täsin we ajaýyp gözellikdir

Elbetde bu täsin ýer hemmeleriň ünsüni ösüne çekýän bolsa gerek. Bu ajaýyp daglyk sebitde ýerleşýän gowak Hytaýda ýerleşýär . Bu ajaýyp ýer Týanmen dagynda ýerleşip, dünýäniň köp sanly jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýär.Bu ýere dürli ýollar arkaly baryp bolýandyr. Beýikligi 130 metrden gowrak bolan bu täsin ýer 263-nji ýylda bolan ýer titremesi netijesinde emele gelipdir.Ýer titremesi bolmazyndan öň bu sebite Songlian dagy diýilýän eken.Ýer titremesi bolandan soň, bu ýerde şeýle gowak emele gelýär, we bu ýere şondan soň Týanmen dagy diýilipdir. Bu ýer,  ýer titremesi netijesinde toprak erzoiýasyna, tebigy betbagtçylyklara duş gelse-de, häzirde ajaýyp ösümlik we haýwanat dünýäsine eýe bolupdyr.Bu ýerde  daglaryň depelerine çenli baý ösümlik we haýwanat dünýäsine syn etmek bolýar.Käwagt bu daglaryň depesi dumanlar, bulutlar bilen örtülýär.Şeýle ýagdaýda onuň keşbi has üýtgeşik bolup görünýär.Bu ýeri ýörite görmek üçin dünýäniň dürli ýerlerinden her ýylda müňlerçe  syýahatçylar, myhmanlar gelýär. Bu owadan sebit özüniň täsin keşbi, ajaýyp ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen “Jennetiň derwezesi”diýen ada eýe bolýar.Şeýle gözelligiň hakykatdanam bardygyna we ony öz gözüňiz bilen görüp biljekdigiňize ynanmak kyn, ýöne bu hakykat.Bu ýere çykmak üçin 999 sany basgançakdan ýöremeli bolýar.Jennetiň derwezesi baradaky rowaýatlara we  aýtgylara görä 999 basgançagyň hemmesini ädimläp geçen adam aň-bilimli,hudaýa ýakynlaşmagy başarýan  hasaplanylypdyr.Onuň ösümlik we haýwanat dünýäsi,  meşhurlyga eýe üýtgeşik keşbi BMG-niň ylym, bilim we medeniýet meseleleri boýunça hökümetara guramasy bolan ÝUNESKO  tarapyndan aýratyn goralýan ýerleriň sanawyna girizilendir.Şeýle-de bu täsin ýer Ginnesiň rekorlar kitabyna hem girizlendir.

Ruhsara JUMAGELDIÝEWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agroekologiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby