logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /KÄMIL BILIM – NURANA GELJEGIŇ GÖZBAŞY
  21.02.2023
988
KÄMIL BILIM – NURANA GELJEGIŇ GÖZBAŞY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän oňyn başlangyçlar netijesinde milli bilim ulgamy ýokary depginler bilen özgerýär. Ata Watanymyzyň nurana geljegi bolan ýaş nesillere döwrebap derejede bilim-terbiýe bermek, olaryň hünär başarnyklaryny has-da artdyrmak, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek maksady bilen, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Bilim ulgamyny ösdürmegiň usullary we bu ugurdaky çemeleşmeler dünýäniň ösüş tejribesi bilen birlikde halkymyzyň milli hem ruhy gymmatlyklaryna esaslanýar. Arkadagly Serdarymyz tarapyndan yzygiderli öňe sürülýän beýik maksatly başlangyçlar döwletimizde ýaş nesiller üçin oňaýly hem ygtybarly şertleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Bilim ulgamyny özgertmegiň ýolunda sanly bilimiň döwrebap mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmak netijeli häsiýete eýe bolýar. Bu ugurda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Diýarymyzda häzirki zamanyň kämil tehnologiýalaryna esaslanýan bilim ulgamyny kemala getirmek babatda alnyp barylýan döwrebap işleriň barha giň gerime eýe bolýandygy bellärliklidir. Sanly bilimiň giňden ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi ýaş nesillere bilim berlişiniň hilini kämilleşdirmäge şert döredýär. Şeýle-de daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek boýunça durmuşa ornaşdyrmakda giň gerimli işleriň amala aşyrylmagy öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýol açýar. Täze galkynyşly döwrümizde bagtly nesillerimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil hünärli, terbiýeli, watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi, ylym, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda ösen innowasiýalara daýanýan kämil enjamlardan, akylly tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, beden hem ruhy taýdan sagdyn ýaş nesilleriň kemala gelýändigini her ädimde duýmak bolýar. Milli bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak, bilimiň hilini ýokarlandyrmak, okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak kämil bilim ulgamynyň emele gelmegini şertlendirýär. 

 

Şamuhammet AGAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 2-nji ýyl talyby.