Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Lew XIV ady bilen täze Papa saýlandy ✦ ✦ Türkmenistan tarapyndan daşary döwletlerde gurlan bilim edaralary ✦ ✦ Hytaý 5,4 müň metr meýdanda innowasion merkezi bolan muzeý gurdy ✦ ✦ Ekologiýa arassaçylygy - durmuşyň kepili ✦ ✦ Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatynda jemi 12 medala eýe çykdylar ✦ ✦ Hytaýda bütindünýä robotlar oýunlary geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzda pile ýetişdirmek boýunça gyzgalaňly işler dowam edýär ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşundaky Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp ýatlama duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Watan gahrymanlaryna şöhrat ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Köpçülikde özüňi alyp barmagyň kadalary
  15.12.2022
4236
Köpçülikde özüňi alyp barmagyň kadalary

Ýurdumyzda jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy adam hasaplanylýar. Döwletimiz her bir raýatyň mizemez hukuklaryny kepillendirip, ähli şertleri üpjün edýär. Aýratyn hem, ýaşlaryň halkara derejesinde bilim almagy, olaryň sagdyn durmuş ýörelgesine uýmagy, täze döwrüň ösen düşünjeli, medeniýetli ýaşlary bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri açýar. Muňa halkara ülňülerine laýyk gelýän bilim edaralary, okuw mekdepleri, sport desgalary, döwrebap kitaphanalar, medeniýet öýleri, ajaýyp seýilgähler aýdyň mysaldyr. Bu döredilýän şertlere jogap edip her bir ýaş nesliň mynasyp şahsyýet bolup ýetişmegi möhüm görkezijidir. Mälim bolşy ýaly, her bir adam öz wagtynyň belli bir bölegini köpçülik ýerlerinde, okuwda, işde, kinoteatrlarda, sport merkezlerinde ýa-da toý-dabaralarda geçirýär. Şonda adamyň häsiýetiniň dürli tarapy-da şol ýerlerde ýüze çykýar. Häzirki döwürde durmuşymyza giňden ornaşan akylly tehnologiýalaryndan peýdalanylanda köpçülik ýerlerinde, aýratyn hem jemgyýetçilik ulaglarynda töweregiňdäkilere päsgel bermezden ulanjak bolmaly. Jemgyýetçilik ulaglarynda özüňden ululara oturmaga ýer bermeklik ýaş kiçini bezeýän häsiýetdir. Ol diňe adamyň özüni bezeýän häsiýet bolman, alkyşa mynasyp bolan özüňi alyp barmaklykdyr. Şeýle-de bu ýagdaý asylly edep-terbiýe alandygyň hakyndaky görkezijisidir. Köpçülik ýerinde özüňden ulyny göreniňde hormat bilen salam bermek we ýeriňden galmaklyk hem asylly häsiýetlilikden nyşandyr.

Türkmençilikde salamlaşmak edebiniň hem özboluşly aýratynlyklary bar. Ata-babalarymyzdan gelýän bu ýörelge häzirki wagtda hem dowam etdirilýär. Ýolda ýaşuly adamlara, agyr ýükli gelýän zenan maşgalalara gabat gelnende kömek bermelidir. Olara çatryklardan ýa-da şuňa meňzeş beýleki ýerlerden geçmäge ýardam etmelidir. Gül-gülälekler bilen bezelen ýan ýodalary, owadan seýilgähleri, tämiz duralgalary, arassa köçeleri synlanyňda özüňi medeniýetli alyp barmaklyga höwes döreýär. Emma käbir ýagdaýlarda geleňsizlik edilmegi sebäpli dürli zyňyndylary zyňyp, şeýle ýerleriň hapalanýan ýagdaýlary hem duşýar. Bu bolsa özüňi alyp barmaklygyň dogry hasaplanylmaýan taraplaryny ýüze çykarmak bilen çäklenmän, daşky gurşawa hem zelel ýetirilýändigini görkezýär.

Halkymyzda «Alym bolmak aňsat, adam bolmak kyn» diýlen aýtgy bar. Elbetde, alym bolmaklyk hem aňsat däl. Ýöne bu manyly aýtgy adam bolmaklygyň islendik kyn işden hem agyrdygyny görkezýär. Döredilip berilýän şertlerden ruhlanyp, şeýle bagtyýar zamanada döwrümize mynasyp kämil adamlar bolup ýetişmeklik biziň her birimiziň perzentlik borjumyzdyr! 

 

Bahar HAÝTANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.