logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Mahmal maýsaly meýdanlar
  21.02.2022
1032
Mahmal maýsaly meýdanlar

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň edermen gallaçylary ak bugdaýyň bol hasylyny öndürip, ýylyň-ýylyna ýokary netijeleri gazanýarlar. Şeýle işde toprak, howa şertlerine laýyk gelýän ylmy-tehnologik usullardan kämil derejede peýdalanylýan, tohum taşlanan meýdanlarda birginli gögeren ak ekini iýmitlendirmek, suwarmak, ýaşyl maýsalary zyýankeşlerden goramak ýaly agrotehniki çäreler wagtynda talabalaýyk geçirilýär.

         Bu ugurda Tejenli daýhanlarymyz “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň bereketli hasyly üçin etrap boýunça 44 müň 300 gektar ýere bugdaý ekildi. Häzirki günlerde kadaly gögerip, bitginli hatar tutan ýaşyl maýsalara möwsümleýin ideg işleri alnyp barlýar. Şu ýylyň gyşy ygally gelip, dykyzlanan gögüň düwni çözülen ýaly, ýagyş ýagyp, ýaýylyp ýatan maýsaly meýdanlar, geljekki hasyly üçin bereket gatançly melhem hasaplanylýar. Gyş howasynyň garaşykly günlerde bereket-bolçulygyň çeşmesi bolan bu giň meýdan ýene-de daýhanlaryň yhlasly aladalary bilen gurşaldy. Kadaly gögeriş alnan meýdanlarda zerur agrotehniki çäreler öz wagtynda geçirilmegi, ýaş maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Alys gözýetime ýaýylyp ýatan bugdaýly meýdany daraklap ugran yzy tirkegli traktorlar sazlaşykly sesi tutuş giňişligi owazlandyrýar. Olaryň her öwrüminden gözlerini aýyrman, guwanç bilen garap duran daýhanyň ýüzi nurlanýar. Meýdanyň bir ujyndan gelip, alyslara nazar aýlap, dursaň-da, göwnüň göterilýär. Dökünini berseň, idegini ýetirseň, hasylyňa hasyl goşulýar. Ýerli dökünler toprak üçin örän peýdaly bolup, öz wagtynda berlen ders ýaş maýsalara düşek bolup, olary ýyly saklaýar, gyşyň sowuk howasynda goraýar. Şular ýaly dökün bilen iýmitlendirilen ekinler bol hasyl toplaýar.

Bu ugurda hem Tejen häkimligi tarapynda ýörite meýilnamalar düzülip, ýörite tehnikalaryň sazlaşykly hem bökdençsiz işledilmegi netijesinde, etrabyň çägindäki bugdaý ekilen meýdanlarda işleriň depgini günsaýyn ýokarlanýar.