logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Nar
  22.02.2022
1819
Nar

Gadym döwürlerde nar agajynyň miwesi örän gymmatly hasaplanyp, dermanlyk serişde hökmünde ulanylypdyr. Ene-mamalarymyz, deri önümlerini gaýtadan işlän senetçilerimiz nary ýüňi, ýüplügi, matany, dereni reňklenmekde reňk beriji serişde hökmünde ulanypdyrlar. Biziň ýurdumyzyň ähli sebitinde nar agajy ýetişdirilýär, dag sebitlerinde bolsa ýabany narlara duşmak bolýar.

         Naryň ynsan saglygyna peýdalydygyny halkymyz ir döwürlerden bäri bilipdir we halk tebipçiliginde giňden ulanylyp gelnipdir. Nar C, B, R witaminlerine  we ýod, demir, natriý, kalsiý, kaliý, magniý, marganes, fosfor ýaly mikroelementlere baýdyr. Nar däneleri bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny-immunitetini berkidýär. Nar şiresiniň gan azlykda, gemoglobin peselende, şeýle-de keselçilikden soňky döwürde bedeniň taplanmagynda peýdalydygyny lukmanlar aýdýarlar.

Naryň daş gabygy hem saglyk üçin peýdaly çig mal bolup durýar. Ol bedeni arassalamaga ýardam berýär. Enelerimiz nar däneleri iýilenden soňra, gabygyny döwüp, ondan melhemlik demleme taýýarlaýarlar ýa-da çaý hökmünde ulanýarlar.

         Nar esasan, ter görnüşinde ulanylýar. Onuň däneleri dürli işdäaçarlara, gowrulan, buglanan, gaýnadylan tagamlara goşulýar ondan mürepbe hem taýýarlanylýar. Nar dürli gök önümler, miweler, et we towuk ýaly köp dürli iýmitler bilen gowy sazlaşyp, üýtgeşik tagam berýär.

         Ýurdumyzda miwe agaçlaryny köpeltmek, ýörite bagçylyk hojalyklaryny giňeltmek işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bagçylygy ösdürmek, nar şiresini we mürepbesini, şerbetini, goýaltmalaryny taýýarlaýan önümçilikleri gurnamak ýaly işleri durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar. Bu işleri durmuşa giňden ornaşdyrmakda oba hojalygynda, miweçilikde iş alyp barýan telekeçiler üçin giň şertler döredilýär.