logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /Plastik kartlaryň döreýşi hakynda..
  17.10.2022
1228
Plastik kartlaryň döreýşi hakynda..

Mälim bolşy ýaly, ilkinji bank kartlary ABŞ-da peýda boldy. Olar kredit kartlary bolup,  adaty karton kagyzdan ýasalypdyr. Soňra 1914-nji ýylda käbir dükanlarda we restoranlarda baý müşderiler üçin şeýle kart şekilli resminamalar ulanylypdyr. 1920-nji ýylda bu usul ýangyç stansiýalaryna ornaşdyrylyp başlanypdyr. 1928-nji ýylda «Boston» kompaniýasy ilkinji metal kartlary öndürip başlapdyr. Onda kompaniýanyň ady we plastik kartlar üçin halkara standartlarynyň belgisi hem öz beýanyny tapypdyr. 1946-njy ýylda ýerli dükanlar üçin niýetlenen «Charge-it» karz shemasy gurnalypdyr. Kämilleşen elektron pullar - 1994-nji ýyldan soňra ýüze çykyp başlady. Elektron töleg ulgamy internet torunda dürli maksatly töleg amallaryny amala aşyrmak üçin niýetlenen bolup durýar. 

Plastik kartlaryň döredýän ýeňillikleri: 

- Uzak aralykdan ýerine ýetirip bolýanlygy;

- Pul amallaryny çalt geçirip bolýanlygy;

- Ähli töleg ulgamynda hereket etmeýänligi;

- Köptaraplaýyn howpsuz bolup, ogurlanma, galplyk ýaly ýagdaýlaryň öňüni almagy we ş.m.

Häzirki wagtda nagt däl hasaplaşyklar, plastik kartlar giňden durmuşymyza ornaşdy. Plastik kartlar ýylsaýyn kämilleşip, döwrebaplaşýar, köp funksiýalylyga eýe bolýar. Bu ýagdaý plastik kartlaryň adamyň gündelik durmuşyny, dürli iş proseslerini ep-esli derejede ýeňilleşdirýän häzirki zamanyň iň bir täsirli önümi bolmagyna şert döredýär.

 

Kümüş KAKAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.