Söhbetiň baş temalarynyň biri — adamyň durmuşdaky kynçylyklara garaýşy. Şahyryň «Mende hiç hili ruhdan düşme ýok» diýen sözleri hem onuň durmuş ýörelgesini görkezýän esasy pikirleriň biri hökmünde öňe çykýar.
Gepleşikde poeziýa, döredijilik, mugallymçylyk we edebiýata bolan garaýyş barada gürrüň edildi. Şähribossan Geldimämmedowa öz döredijilik ýolundan we ýaş nesil bilen işleşmek tejribesinden hem söz açdy.
«Ykbal öwrümi»niň täze bölümini Arazbike Jumaýewa alyp barýar. Gepleşik Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasynyň guramagynda taýýarlanylýar.
Täze bölüme aşakdaky wideo arkaly tomaşa edip bilersiňiz.