Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Asyrlaryň içinden: Gazagystanyň taryhy fotosuratlarda» atly fotoserginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu sergi muzeýe gelýänlere gazak halkynyň baý taryhyna we medeni mirasyna fotosuratlaryň üsti bilen syýahat etmäge mümkinçilik berýär.
Ekspozisiýada Gazagystanyň Milli merkezi muzeýiniň gaznasynda saklanýan arhiw fotosuratlary görkezilýär. Olar XIX asyryň ahyry – XX asyryň başlarynda gazak halkynyň gündelik durmuşyny, milli aýratynlyklaryny, egin-eşik medeniýetini, däp-dessurlaryny we ýaşaýyş şertlerini giňişleýin şöhlelendirýär. Şol sebäpli bu taryhy fotosuratlar şol döwrüň gazak halkynyň taryhy-medeni keşbini öwrenmek üçin möhüm çeşme bolup durýar.
Fotosuratlar birnäçe tematiki bölümlere bölünip ýerleşdirilipdir. Olaryň aýratyn bir bölegi baý milli nagyşlar we dürli bezegler bilen bezelip taýýarlanan milli egin-eşiklere bagyşlanýar. Gazak halkynyň milli nagyşlary diňe bir gözellik we bezeg maksadyny ýerine ýetirmän, eýsem, adamyň jemgyýetdäki derejesini, onuň haýsy tire-taýpa degişlidigini görkezýän özboluşly nyşan hökmünde hem hyzmat edipdir.
Gündelik durmuş bilen baglanyşykly bölümde egin-eşikleri saklamak üçin ulanylan oýma nagyşly, metal bilen jäheklenen sandyklaryň, şeýle hem dürli azyk önümlerini ýerleşdirmek üçin taýýarlanan agaç we deri gaplaryň şekilleri aýratyn gyzyklanma döredýär. Bu hojalyk esbaplary geçmişde ýaşan adamlaryň ussatlygyny, oýlap tapyjylygyny we durmuş tejribesini aýdyň görkezýär. Çarwa durmuşynyň şertlerinde ýaşan gazaklar uzak wagtlap ulanmaga amatly we berk zatlary taýýarlamagyň özboluşly usullaryny döredipdirler.
Serginiň beýleki bir bölümi maşgala däplerine we jemgyýetçilik gatnaşyklaryna bagyşlanýar. Bu ýerde görkezilýän fotosuratlaryň arasynda gurply maşgalanyň wekillerini şekillendirýän surat hem bar. Ol şol döwrüň jemgyýetçilik durmuşynyň aýratynlyklary barada düşünje berýär.
Gazak halkynyň ýaşaýyş-durmuşynda esasy orun eýelän we öý hojalygynyň merkezine öwrülen ýaşaýyş jaýy «киіз үй» diýlip atlandyrylýan gara öýdür. Gazak dilindäki bu at «keçeden ýasalan öý» diýen manyny aňladýar. Sergide görkezilýän fotosuratlarda gara öýüň gurluşy we onuň esasy bölekleri hem jikme-jik görkezilýär.
Gara öýüň diwarlaryny emele getirýän agaç gözeneklere «кереге», gümmezini düzýän egme agaçlara «уық», ýokarky böleginde ýerleşýän we öýüň depesini emele getirýän, ýagtylygyň içeri düşmegine hem-de tüssäniň daşary çykmagyna şert döredýän tegelek halka bolsa «шаңырақ» diýilýär.
Göçüp-gonýan durmuş şertlerine laýyklykda aňsatlyk bilen sökülip we gaýtadan dikilip bilinýän gara öý sähra binagärliginiň ajaýyp nusgasydyr. Şanyrak nyşanynyň ähmiýeti häzirki döwürde hem saklanyp galyp, ol Gazagystanyň Döwlet tugrasynyň esasy elementleriniň biri hökmünde ulanylýar.
Fotosergide çarwa halklaryň hojalyk işleri, senetçiligi we ruhy medeniýeti barada hem giňişleýin maglumat berilýär. Ekspozisiýanyň has täsirli bölümleriniň biri eldekileşdirilen ýyrtyjy guşlar bilen aw etmek däbine bagyşlanýar. Bu däp Beýik sähranyň gadymy sungatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Taryhy fotosuratlarda aw guşlaryny terbiýelemek bilen meşgullanan ussatlaryň keşpleri hem görkezilýär. Olar ýyrtyjy guşlary aw üçin taýýarlamagyň inçe usullaryny we syrlaryny nesilden-nesle geçirip gelipdirler. Şeýle suratlar gazak halkynyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşandygyny we gadymy däplerine uly ähmiýet berendigini görkezýär.
Sergide ýerleşdirilen fotosuratlaryň ýene bir aýratynlygy olaryň döwrebap sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen dikeldilmegidir. Taryhy suratlaryň hilini gowulandyrmak üçin ýörite sanly tilsimatlar ulanylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen zeper ýeten fotosuratlar aýawly dikeldilip, olaryň şekil hili ýokarlandyrylypdyr. Şol bir wagtyň özünde suratlaryň taryhy hakykatyny üýtgetmezlige we ýoýmazlyga aýratyn üns berlipdir.
28-nji oktýabra çenli dowam etjek bu sergi paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin gymmatly medeni çäreleriň birine öwrüldi. Doganlyk gazak halkynyň däp-dessurlary, amaly-haşam sungaty we ruhy dünýäsi bilen ýakyndan tanyşmak tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrýar. Şeýle sergiler iki halkyň taryhy-medeni mirasyny has ýakyndan öwrenmäge mümkinçilik bermek bilen birlikde, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky köp asyrlyk dostluk, özara hormat we düşünişmek gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.
Aýjennet ROZYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.