logo

Latest news:
✦ Fizika ylmynyň gazananlary ✦ ✦ «Ýaşyl» himiýa düşünjesi ✦ ✦ Möhüm ähmiýetli dialog ✦ ✦ Rowaçly tutumlaryň gözbaşy ✦ ✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦
Home / Science and Education /Fizika ylmynyň gazananlary
  09.10.2026
47
Fizika ylmynyň gazananlary

Fizika tebigatyň iň düýpli kanunlaryny, materiýanyň gurluşyny, onuň giňişlikdäki hereketini, energiýanyň dürli görnüşlerini öwrenýän ylymdyr. Gadymy grek filosoflarynyň pikirlerinden başlap, häzirki zaman fizika çenli bizi gurşap alan dünýäni düşündirmek üçin bu ylym esasy gural bolup hyzmat edýär.

 

Esasy açyşlar jisimleriň biri-birinden düýpli tapawutlanýandygyny we täze bir ylmy çemeleşmäniň gerekdigini görkezdi. Şeýle-de  kwant fizikasy diňe bir nazary teoriýa bolman, häzirki zaman tehnologik ösüşiň binýadydyr. Biziň gündelik durmuşymyzda ulanýan akylly enjamlarymyzyň köpüsi kwant mehanikasynyň usullaryna esaslanýar. Fizika ylmy adamzadyň tebigat baradaky bilimleriniň we tehnologik ösüşiniň gözbaşydyr. Klassiki mehanikadan kwant fizikasyna çenli geçilen ýol tebigatyň biziň pikir edişimizden käteler hakykatdan hem täsin we çylşyrymlydygyny subut etdi.

 

Geljekde kwant tehnologiýalary, täze energiýa çeşmeleriniň gözlegi we älemiň syrlarynyň açylmagy diňe bir ylym ulgamyny däl, eýsem, bütin adamzat siwilizasiýasyny täze derejä ýetirer.

 

Şirinjemal KAMYLJANOWA,

 Farap etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň

fizika mugallymy.