logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Syýasat /Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk
  22.10.2026
17
Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasynda bolmagy, ol ýerde çuňňur manyly çykyş etmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikde guralýan çärelere işjeň gatnaşýandygyny alamatlandyrdy.

 

Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu ýokary derejeli foruma gatnaşmagy sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda ýurdumyzyň köptaraply dialog ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny subut edýär.

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň durnukly ekologiýa ösüşiniň bähbidine bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde hem-de ýokary netijeleri gazanmakda uly mümkinçilikleriniň bardygyna ynam bildirdi. Galyberse-de, Geňeşe gatnaşyjy ýurtlaryň taryhy baglanyşygy, baý medeni mirasy we köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däpleri özara düşünişmegi, ynanyşmagy berkitmekde berk binýady emele getirýär.

 

Sammitde uly ähmiýete eýe bolan meselelere hem seredildi. Ynanyşmak çärelerini pugtalandyrmak, howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak, Aziýada ulag-logistika strategiýalaryny utgaşdyrmak, halkara ulag geçelgelerini ösdürmek, azyk howpsuzlygyny hem-de ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek, sanly özgertmeleri çaltlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri şolaryň hatarynda görkezmek bolar. Olary tagallalary birleşdirmek esasynda çözmek durnukly ösüşe ýetmekde, ykdysady ösüşi çaltlandyrmakda, parahatçylygy berkitmekde ähmiýetlidir.

  

Göwher MELEBAÝEWA,

 Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar

 we informatika institutynyň uly mugallymy.